Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nahara atylmaly ýumurtgadan jüýje çykýar


Döwülen ýumurtga. Illýustrasiýa suraty.
Döwülen ýumurtga. Illýustrasiýa suraty.

Soňky hepdäniň dowamynda, Aşgabadyň bazarlarynda hili ýaramaz ýa-da ulanyş möhleti geçen azyk önümleriniň satuwda gabat gelýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Paýtagtyň Teke bazary atlandyrylýan bazaryndan, ýumurtga satyn alan aşgabatly ýaşaýjynyň sözüne görä, ol ýumurtgany bişirmekçi bolanda, onuň içinde ýaňyja jüýjäniň sudurynyň emele gelip başlandygyny görüpdir.

Şeýle ýagdaýa ýüzbe-ýüz bolýan halatyň köpdügini ýaşaýjylar aýdýarlar. Beýle nogsanlyklaryň sebäbini gözegçiligiň ýokdugy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Aşgabadyň Teke bazarynda ýumurtganyň nobatyndan, bazara girer ýaly däl. Bir ýerde ýumurtga nobaty, bir ýerde şeker nobaty, ýene bir ýerde ‘Ahal’ ýagynyň, unuň nobaty. Teke bazarynyň içi nobatlar bilen, nobatlara gözegçilik edýän polissiýa işgärlerinden doly” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar. Ol ýumurtgany bir ele diňe 15 sanysydan berlip, emeli gytçylyk döredilýändigine-de ünsi çekýär.

“Ýumurtga satylýan dükanyň ýeňsesinde, ýumurtga gapyrjaklary basylyp dur. Olaryň üstüni galyň mata bilen örtüp goýupdyrlar. Dükanyň öň tarapynda bolsa nobatdan ýaňa adamlar gyryljak bolýarlar. Satuwda ýumurtga ýok diýdirmejek bolup, bar bolan ýumurtgany saklap, ilata geregiçe satylman, emeli gytçylyk döredilýär. Arzan önüm saýylýan ýumurtgany gyt haryda öwrüp başladylar. Köp çagaly maşgalalar indi her gün ýumurtga nobatynda birnäçe wagtyny ýitirmeli bolýarlar” diýip, Senem atly köpçagaly aýal aýdýar.

XS
SM
MD
LG