Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda awtoduralgalaryň tölegi iki aýda iki esse gymmatlady


Türkmenistandaky awtoduralgalaryň biri. Arhiwden alnan surat
Türkmenistandaky awtoduralgalaryň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda şäher we etrap häkimliklerine degişli awtoduralgalaryň tölegi soňky iki aýyň dowamynda iki esse gymmatlap, 30 manatdan 60 manada ýokarlandy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, daşyna demir germew aýlanan we açyk meýdanda ýerleşýän awtoduralgalarda sentýabr aýynyň ahyryna çenli bir ulag üçin bir aýlyk töleg 30 manat bolsa, oktýabr aýynda bu nyrh 37 manat 20 teňňä ýokarlandyryldy.

“Indem dekabr aýy üçin tölegleri dekabr aýynyň 1-ne çenli tölemelidigi hakynda mundan üç-dört gün ozal awtoulag eýelerinden talap edip ugradylar. Töleg öňküsi ýaly 30 manadam däl, 37 manat 20 teňňede däl, 40 manadam däl. Eýsem, göni 60 manat tölemelidigini aýdýarlar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew şäherde her biri müňden köpräk ulaga niýetlenen şeýle awtoduralgalardan onlarçasynyň bardygyny hem aýtdy.

Onuň sözlerine görä, awtoulag eýeleri awtoduralgadaky resmilerden tölegleriň gymmatladylandygy baradaky resminamany görkezmegi soranda, olar “biz ýokardan berlen görkezmä laýyklykda hereket edýäris” diýip jogap berýärler.

“Biz şäher ýa-da etrap häkimligine özümiziň garawulçylyk edýän awtoduralgamyzda durýan awtoulaglaryň sanawyny berdik. Şoňa görä-de, biz aýyň başyna öňümizdäki aý üçin tölegi şäher ýa-da etrap häkimligine geçirmeli diýip aýdýarlar. Olar hak sözleýärmi ýa-da hakyky bar bolan karary gizleýärlermi – muny anyklap bolanok. Ýöne şeýle karar görkezilenok” diýip, Bugaýew awtoduralgadaky resmileriň aýlyk tölegi alandyklary hakynda awtoulag eýelerine töleg kwitansiýasyny öňem, häzirem bermeýändigini aýtdy.

Şuňa meňzeş gymmatlama Türkmenistanyň Awtoulaglar ministrligine degişli “döwrebap” diýlip atlandyrylýan dört gatly awtoduralgalarda hem bolup, bu duralgalarda öň aýlyk töleg 60 manada barabar bolsa, häzir 70 manada ýokarlandyryldy.

Soňky aýlarda Aşgabatda awtoulagyny köçelerde, jaýlaryň arka taraplarynda ýa-da “goýmaly däl” diýlip kesgitlenen ýerlerde goýan sürüjilere garşy gözegçiligiň barha güýçlenýändigi, muny berjaý etmedik ulag eýelerine 100 manatdan 400 manada çenli pul jerimesiniň salynýandygy aýdylýar.

“Eger ulagyňy goýmasyz ýerde goýanyňda, şonuň nomerini, döwlet belgisini alyp giden bolsalar, onda 100 manatdan 300 manada çenli tölegi. Olam Çoganly posýologyna gidip, şol ýerde şäher Köçe ýol hereketi gullugynyň merkezi ofisi ýerleşýär, şol ýerde oturan polisiýa işgäriniň ynsabyna bagly, ‘100 manat töläp gel, nomeriňi alarsyň’ diýseler, adamlar 100 manat töleýärler. 300 manat diýseler, 300 manat töleýärler” diýip, Bugaýew awtoulaglary ewakuator ýük ulaglaryna ýüklenip alnyp gidilen raýatlaryň bolsa, 400 manada çenli jerime tölemeli bolýandygyny belledi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu gymmatlama we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan öňünden ilat köpçüligine bildiriş edilmändigini aýdýarlar. Bu barada ýurduň media serişdelerinde hem häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Ýatlap geçsek, bu gymmatlamalar, soňky iki aýa golaý wagtyň dowamynda türkmen häkimiýetleriniň çagalar baglarynyň töleglerinden başlap, tä jemgyýetçilik awtobus, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, Dil merkezleriniň, ýarym ýerzeminlerdäki dükanlaryň töleglerini telim esse diýen ýaly ýokarlandyran mahalyna gabat geldi.

Mundanam başga, oktýabr aýynyň başynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda, ilata indi 25 ýyla golaý wagt bäri ‘mugt’ berilýän hyzmatlar tölegli edildi.

Bularyň ählisi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

XS
SM
MD
LG