Şu günler Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda Coca-Cola kompaniýasynyň önümleriniň diňe seýrek söwda nokatlarynda tapdyrýandygy we olaryň bahasynyň tas iki esse gymmatlandygy barada habar berilýär.
Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu gytçylyk soňky iki hepdäniň dowamynda güýçlenip, häzirki wagtda Coca-Cola önümleriniň diňe 0,5 we 1 litrlik plastik gaplara gaplanan görnüşlerini käbir söwda nokatlarynda tapsa bolýar.
“Coca-Cola gytçylygy döredi. Adamlar tapan ýerinde, ony bloklap satyn alýarlar. Özem ‘pylan ýerde tapyp bolýar’ diýip, öňünden aýdar ýaly däl. Sebäbi bir dükanda sähelçe galan bolsa, şoňa gelýärler we biri-birine habar edýärler. Hatda dükanda şony alyp durka-da, öz ýoldaşlaryna jaň edýänler kän. Meselem, ‘pylan dükanda Coca-Cola bar eken’ diýseler, onuň ýoldaşam ‘men barýançam, onuň satylyp gutarmagy mümkin. Sen meniň üçinem satyn al. Men häzir maşynly barýaryn’ diýip, habarlaşýanlar kän. Häzir pylan ýere baryp, Coca-Colany taparyn diýen tamada bolmaly däl. Diňe tötänden üstünden baranyňda tapyp bolýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly synçy aýdýar.
Ol bu gytçylygyň öňüsyrasynda, Coca-Cola önümleriniň bahasynyň hem gymmatlandygyny aýdyp, şeýle diýdi: “Öň ýarym litrlik kola 1 manatdan, 1 litrligem 1 manat 30 teňňeden satylýardy. Indi tapyp bilseň, onuň iň arzanyny, ýagny ýarym litrligini tapsaň, 2 manatdan satylýar. Bu bolsa, munuň dört aý ozalky nyrhyndan 100% ýokarydyr. Beýleki 1 manat 30 teňňeden satylan 1 litrlik Coca-Colanyň bahasy hasam galyp, 3 manada ýetdi”.
Aýdylmagyna görä, Coca-Cola kompaniýasynyň önümleriniň gytalmagy mundan üç-dört aý çemesi ozal başlap, şonda onuň 1,5 we 2 litrlik plastik gaplara gaplananlary söwda dükanlarynyň tekjelerinden ýitirim boldy.
Türkmenistanda “Coca-Cola” önümleriniň gytalmagy we olaryň bahasynyň gymmatlamagy barada kompaniýanyň resmi websaýtynda häzirlikçe maglumat berilmeýär.
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasynyň Aşgabadyň 11-nji mikroraýondaky edarasy bilen habarlaşdy. Bu edaranyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi kompaniýanyň Coca-Cola önümleriniň önümçiligini wagtlaýyn çäklendirendigini aýtsa-da, munuň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermedi. Şeýle-de, bu resmi kompaniýanyň Coca-Cola önümleriniň önümçiligine şu aýyň 27-den gaýtadan girişjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Ýeri gelende ýatlasak, 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasy şu ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi halkara hemaýatkäri bolupdy.
Bu kompaniýanyň “Aşgabat-2017” oýunlaryna goldaw bermek ylalaşyklarynyň çäklerinde türgenleri, topar ýolbaşçylaryny, bäsleşige gatnaşýan işgärleri we meýletinçileri arassa agyz suwy (“Bonaqua”), alkogolsyz içgiler (“Coca Cola”, “Fanta”, “Sprite”) we sport içgiler (“Powerade”) bilen üpjün etjekdigi aýdylypdy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary tamamlanandan soň, has takygy noýabr aýynyň başlaryna Türkmenistanyň hususy we döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda, ýurduň özünde öndürilen arassa we gazly suwlar bilen bir wagtda, “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasynyň önümleri hem gymmatlady.