Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ykdysady kynçylyklaryň arasynda kadr çalyşmalaryny ýygjamladýar


Gurbanguly Berdimuhamedow, arhiw suraty
Gurbanguly Berdimuhamedow, arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen barha ýygjamlaşýan kadr çalyşmalarynyň we berk käýinç, soňky duýduryş bermeleriniň çäginde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyny täzeledi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň 13-nji noýabrda beren maglumatyna görä, polkownik Meýlis Nobatow başga işe geçýändigi üçin wezipesinden boşadyldy we onuň ýerine Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary bolup işlän maýor Mergen Gurdow başlyk bellenildi. Ýöne Nobatowyň haýsy ýere işe geçirilendigi aýdylmady.

Bu kadr çalşygy Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Ahmet Annamuhammedowyň “işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi üçin” wezipesinden boşadylan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de Berdimuhamedow 10-njy noýabrda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi. Bu resmilere “işde goýberen kemçiliklerini gysga wagtda düzetmek üçin” soňky duýduryş hem berildi. Emma döwlet eýeçilgindäki metbugatda bu aýdylýan ‘kemçilikler’ ýa ‘ýolbaşçy wezipe bilen bir ýere sygmaýan etmiş’ barada hiç bir anyklaşdyrma berilmeýär.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadylan polkownik Nobatowa dolanyp gelsek, Azatlyk radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi onuň Türkmenistanyň prezidentiniň şahsy goragynyň ýolbaşçylygyna bellenendigini, Berdimuhamedowyň ozalky janpenasynyň saglyk ýagdaýy sebäpli işden aýrylandygyny habar berýär.

Şeýle-de, ýerli çeşmäniň maglumatyna görä, Nobatowyň bu wezipede uzak saklanylman, Milli howpsuzlyk ministri wezipesine geçiriljekdigi, häzirki milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowyň gowşak ýolbaşçy hasaplanylýandygy aýdylýar.

Biraz yza çekilsek, Berdimuhamedow iýul aýynyň ortasynda, hökümet agzalarynyň dynç alýan wagtynda Baýramowa berk käýinç yglan etdi. Resmi kararda aýdylmagyna görä, Baýramow “wezipe-borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işgärleriniň arasynda düzgün-nyzamyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadypdyr”.

Baýramowa 2016-njy ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda hem “wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ýolbaşçylyk edýän pudagynda tertip-düzgüne gözegçiligi gowşadanlygy üçin” käýinç berlipdi. Ýöne soňky käýinç ýurduň serhet goşunlarynyň komandiriniň harby çininiň peseldilmeginiň öň ýanyna gabat geldi.

Ozal habar berlişi ýaly, prezident Berdimuhamedow awgust aýynda Serhet goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän general-maýor Begenç Gündogdyýewiň harby derejesini polkownik derejesine çenli peseltdi we, Azatlygyň ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, bu temmi iýul aýynyň ortalarynda türkmen topragyna sümüp girendigi aýdylýan terrorçylar bilen bagly.

Azatlygyň çeşmesiniň howpsuzlyk işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, şonda Türkmenistanyň territoriýasyna Kaka etrabyndan YD bilen bagly 4-5 adam geçipdir. “Üçüsini sakladylar, emma birnäçe adam geçipdir we ilatyň arasynda ýitip gidipdir, olaryň yzy ýitirilipdir. Olaryň ählisi Türkmenistanyň raýatlary, olar Eýran tarapyndan geçipdir” diýip, çeşme aýtdy.

Baýramowy fewral aýynda gaýtadan ýolbaşçylyga bellände, prezident onuň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň ýurduň konstitusion gurluşyny goramak işini güýçlendirmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýeti töwekgelliklerden goramak üçin, dowam edýän global ykdysady krizisiň ýurda ýetirmegi mümkin negatiw täsirini analizlemeginiň gerekdigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow mundan öň MHM-niň dört ministrini işden boşatdy, olaryň soňkusy - Güýçgeldi Hojaberdiýew 2016-njy ýylyň martynda, “saglyk ýagdaýlary sebäpli” wezipesinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG