Stambulyň Ümraniýe diýen ýerinde ýerleşýän bir jaýda biri zenan we üç erkek türkmenistanly migrantyň öz arasynda çykan uruşda, iki adam pyçaklanyp ýaralandy. Olardan biri gaty agyr ýagdaýda.
Türk telekanallarynda we internet neşirlerinde berlen maglumata görä, Türkmenistanyň raýaty, migrant Muhammet Azizow, Gül Ýagmurowa, Ikram Ereşow we Babahan Ereşow dagy bilelikde 12-nji oktýabrda, gije sagat 02:00 töwereginde Esenşehir mähellesiniň Leýlak köçesindäki bir jaýyň ýerzeminindäki otagda alkogolly içgi içmäge başlapdyr.
Aradan bir salym geçensoň, türkmen migrantlary Muhammet Azizow bilen Ikram Ereşowyň sözi azaşyp, olaryň arasynda uruş turupdyr. Olaryň dawasyna Babahan Ereşowyň hem goşulmagy bilen Muhammet Azizow aşhana gidip, ol ýerden pyçak alyp gelip, olara hüjüm edipdir.
Wakada Muhammet Azizow atly türkmen migranty tarapyndan pyçaklanandygy öňe sürülýän Ikram Ereşow bilen olary aralamaga synanşan Babahan Ereşow hem pyçakdan ýaralanypdyr.
Uruş-jenjeliň arasyndan sypyp, daşaryk gaçyp çykan Gül Ýagmurowa atly türkmen migrant zenany adamlary kömege çagyrypdyr. Ýerli ýaşaýjylaryň habar bermegi bilen wakanyň bolan ýerine polis we Tiz kömek gullugynyň işgärleri gelipdir.
Wakanyň bolan ýerine gelen polisler ildeşlerini pyçaklamakda güman edilýän Muhammet Azizow atly migranty tutupdyr.
Türk metbugatynda çykan habarlarda aýdylşyna görä, Stambulyň Ümraniýe ylmy-barlag hassahanasyna äkidilen, boýny bilen döşünden pyçaklanan türkmen migranty Ikram Ereşowyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Ýeňil ýaralanan türkmen migranty Babahan Ereşowyň hem şol ýerde saglygyna seredilýändigi bildirilýär.
Ildeşlerini pyçaklamakda aýyplanyp saklanan Muhammet Azizow atly türkmen migranty bilen waka barasynda soraga çekiljek türkmen migrant zenany Gül Ýagmurowa ol ýerden Dudulludaky şehit Ismail Akkoýunyň adyny göterýän polis merkezine äkidilipdir.
Polis çeşmeleriniň metbugata beren beýannamasynda, waka bilen baglanşykly derňew işiniň dowam edýändigi bildirilýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkiýe türkmen migrantlarynyň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugy ýurtdaky türkmen zähmet migrantlarynyň sanynyň ýüzlerçe müňe baryp ýetýändigini bildirýär.
Türk mediasynda türkmen migrantlaryň gatnaşmagynda bolýan kriminal ýagdaýlar barasynda, yzygiderli maglumatlar berilýär. Bilermenler türkmen migrantlaryň aşa köpdügine, iş hem ýaşaýyş şertleriniň olaryň kriminal ýagdaýlara goşulyşmagyna sebäp bolýandygyna üns çekýärler.