Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini geçen doglan güni bilen gutlap, oňa “Wepaly” lakamly alabaý itini sowgat berdi.
Berdimuhamedow Putine it sowgat berdi

1
“Men sizi geçen doglan günüňiz bilen gutlap, size berk jan saglyk, üstünlik arzuw edýärin. Biziň umumy bir dostumyz bar – ol alabaý iti. Men şu gün kiçijek alabaý itini öz ýanym bilen getirdim” diýip, Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Soçide geçiren duşuşygynyň dowamynda aýtdy.

2
RUSSIA -- Turkmen President Gurbanguly Berdymukhamedov demonstrates a Turkmen shepherd dog, locally known as Alabai, before presenting it to his Russian counterpart Vladimir Putin during a meeting in Sochi, October 11, 2017

3
Şondan soň, iki ýurduň liderleriniň gepleşikleriniň geçirilýän zalyna gözenekli gutyda alabaý iti getirildi. Berdimuhamedow ony alyp, Putine gowşurdy.

4
Rus media serişdeleriniň maglumatyna görä, prezident Putin itleri gowy görýänligi bilen tanalýar we şol sebäpli daşary ýurt liderleri oňa wagtal-wagtal itleri sowgat berýärler.