Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi we onda harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriniň netijelerine, şeýle-de ýene bir gezek Aziýa oýunlary döwründe Aşgabatda howpsuzlygy üpjün etmek meselesine seredildi.
Döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentliginiň maglumatyna görä, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ýaýlym Berdiýew mejlisde “giň möçberli harby özgertmeleriň” amala aşyrylyşy barada hasabat beripdir, emma habardan bu diýilýän özgertmeleriň nämelerden ybarat bolandygy belli bolmaýar.
Şol bir wagtda prezident, ekspertleriň we ýerli synçylaryň türkmen kadrlarynyň, soň sanda harbylarynyň taýýarlygynyň pesdigi barada aýdýanlaryny gytaklaýyn tassyklap, harby kadrlary taýýarlaýan ýokary okuw jaýlarynyň rektorlaryndan nägileligini bildirdi.
“Harby talyplar türkmen we daşary ýurt harby sungatynyň tejribesine eýe bolup, jemgyýetde kanunylygy hem-de düzgün-tertibi hemmetaraplaýyn berkitmelidir” diýip, prezident harby hem hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip aýtdy.
Şeýle-de prezident Berdimuhamedow Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe asudalygy we howpsuzlygy ýokary derejede üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi diýip, habarda aýdylýar.
Mundan öň Türkmenistan Aziýa oýunlary mynasybetli serhetleri ýapyp, ýurda gelýän-gidýänler babatynda täzeçäklendirmeleri girizdi, köçe-ýol gatnawlaryny çäklendirdi we alkogolly içgileriň söwdasyny dilden gadagan etdi. Şeýle-de ýurduň bazarlarynda, parklarynda gözegçilik güýçlendirildi, paýtagta girilýän esasy ýerlerde harbylardan we polisiýa işgärlerinden ybarat patrullar goýuldy.
Bu çäreler resmi Aşgabat näme üçin howpsuzlygy beýle alada edýär, ýa bu ýerde çynlakaý alada galmaga esas berýän, şol bir wagtda jemgyýetçilige açyk aýdylmaýan zatlar barmy diýen soragy döredýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, bu mesele iki sany ýagdaýy ýatda saklamaly:
“Birinjisi, aýdylmagyna görä, kimdir birleri iýunda owgan serhedinden Türkmenistana geçdi we biz olar jeňçiler diýip eşitdik.Bu aýdylýanyň çyn bolmagy ähtimal, sebäbi şondan soň serhet goşunlarynyň başlygyna işini talaba laýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin käýinç berildi” diýip, Panniýer Owganystandan abanmagy ahmal wehimiň türkmen hökümetini howsala salman bilmejegini belledi.
Munuň üstesine Türkiýäniň ýörite gulluklary Aşgabatda nähilidir bir terror aksiýasynyň gurnalýan bolmagynyň ahmallygy barada habar berdi diýen gürrüň-de bar diýip, ol aýtdy. Panniýeriň pikirinegörä, türkmen hökümeti hemişe gorkuda ýaşaýar we soňky gürrüňi edilen ýagdaýlar Aşgabady has-da uly howsala saldy.
Panniýer “Ol ýerde Aziýa oýunlaryna ynanarlykly howpsuzlyk wehimi abanýarmy, şeýle zat barmy?” diýen soraga “Biz muny bilmeýäris” diýip jogap berdi.
Aşgabatly synçylaryň biri, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürleşip, prezident Berdimuhamedow ozaly ýerli ilatdan, olaryň barha agyrlaşýan durmuş sebäpli nägilelik bildirmek ähtimallygyndan gorkýar diýen pikiri öňe sürdi. Onuň pikiriçe, ýollara we bazarlara patrul goýlan harbylar halkyň howuny basmak üçin köpeldilýär we olaryň Aziada geçenden soň hem saklanyp galmagy mümkin.
“Eger ol öz ilatyndan gorkýan bolsa, men muňa geň galmazdym, olgorkmaly hem, sebäbi olar bu Oýunlaryň harjyny çekmäge taýyn däldi we Berdimuhamedow hakykatda häzir gurluşygy tamamlanýan desgalary halkyň rysgalynyň hasabyna gurdy” diýip,Brýus Pänniýer aýtdy.
“Ol adamlaryň aýlyklaryndan tutýar, ýurduň bazarlaryndaky harytlaryň bahalaryny galdyrýar we ilatyň köpüsiniň hatda bu oýunlary baryp görmäge-de ýagdaýy ýok, sebäbi bu Oýunlar ýurtda işsizligiň derejesiniň 50 prosentden aşýan wagtyda geçirilýär” diýip, ekspert aýtdy.
Mundanam başga, Oýunlar üçin gurlan desgalar welaýatlardan gelýän migrant işçiler üçin esasy eklenç çeşmesi boldy, Aziadanyň geçmegi bilen bu iş ýerleri hem ýitirilýär we ýurt raýatlary basym 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri berlen sosial ýeňilliklerden hem mahrum edilýär, “türkmen halkyna hökümet tarapyndan berilýän zat ýok, berlen zatlary hökümethemişe yzyna alýar, hiç zat gowulaşanok, ýurtda ýagdaý barga ýaramazlaşýar” diýip, Panniýer Azatlyk radiosyna aýtdy.