Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogdyýew YD söweşijileri bilen bagly waka sebäpli general derejesinden mahrum edildi


Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Begenç Ataýewiç Gündogdyýew
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Begenç Ataýewiç Gündogdyýew

Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy Begenç Gündogdyýewiň harby derejesiniň peseldilmegi geçen aýda “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň saklanmagy bilen bagly diýlip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri habar berýärler.

Azatlyk Radiosy söweşiji bolmakda güman edilýänleriň geçen aýyň aýagynda Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçmäge synanyşandygy barada habar beripdi.

15-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow general-maýor Begenç Gündogdyýewiň harby derejesini “wezipe borçlaryny kanagatly berjaý etmändigi, öz goly astyndaky gulluklara gözegçiligini gowşadandygy” sebäpli, polkownik derejesine çenli peseldipdi.

Prezidentiň bu permanyndan habarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu karar “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ele salynmagy bilen bagly bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň birnäçe işgärine salgylanyp, aýtmagyna görä, Gündogdyýew hut iýul aýynda ýüze çykan şol waka bilen baglylykda harby derejesinden mahrum edilipdir. Üstesine, prezident Berdimuhamedowyň öz harby ukybyny görkezip, geçiren türgenleşikleriniň hem söweşiji bolmakda güman edilýänleriň döwlet serhedini bozmagy bilen bagly wakanyň yzýanyna gabat geçirilendigini çeşmämiz belledi.

“Iýul aýynyň ortalarynda Ahal we Mary welaýatlarynyň territoriýasynda YD toparynyň söweşijilerini tussag etmek boýunça ýörite operasiýa geçirildi. Serhet goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän Gündogdyýewiň harby derejesini hut şonuň üçin peseltdiler. MHM-niň işgärleriniň maňa aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň territoriýasyna Kaka etrabyndan YD bilen bagly 4-5 adam geçipdir. Üçüsini sakladylar, emma birnäçe adam geçipdir we ilatyň arasynda ýitip gidipdir, olaryň yzy ýitirilipdir. Olaryň ählisi Türkmenistanyň raýatlary, olar Eýran tarapyndan geçipdir. Prezidentiň gatnaşmagyndaky duýdansyz harby türgenleşikler hem şol waka bilen bagly bolupdyr. Mundan iki hepde geçensoň, onuň serhet goşunlaryny öwmegine garamazdan, ol general Gündogdyýewi polkownik derejesine çenli peseltdi” diýip, bu ýagdaýdan ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Iýul aýynyň aýagynda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Eýran we Owganystan bilen serhetlerinde, hususan-da Owganystanyň demirgazygyndaky Hyrat welaýatyndan söweşiji bolmakda güman edilýän adamlaryň Türkmenistanyň territoriýasyna geçendigini, Goranmak ministrligindäki çeşmesine salgylanyp habar beripdi.

“Iýun aýynda üç ýurduň, ýagny Eýranyň, Owganystanyň we biziň serhet araçägimiziň birleşýän çatrygyny böwsüp geçdiler. Türkmenistanyň territoriýasyna dört adam geçdi we galanlary olara kömek berdi. Olaryň ählisi “Yslam döwleti” toparyndan bolup, olar gadymy gonamçylykda bukuldylar. Ýöne soňra olar şol ýerde-de tussag edildi. Bu waka Kaka etrabynda boldy. Türkmenistanyň raýaty bolan etniki türkmenler Türkiýä gidip, soňra Siriýada we Yrakda söweşdiler. Indi olar bu ýere syzyp başladylar. Aýdylmagyna görä, olar Tejen we Mary sebitlerine berkleşen görnüşde geçmek üçin, nobatdaky böwsüp geçmä garaşypdyrlar” diýip, Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň ofiseri gürrüň berdi.

Söweşiji bolmakda güman edilýänleri saklamak boýunça operasiýa özüniň hem gatnaşandygyny aýdýan ofiseriň sözlerine görä, harby aňtaw gulluklarynda soňky aýlarda türkmen topragyna söweşiji bolmakda güman edilýän onlarça adamyň geçendigi barada maglumatlar bar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň ofiseriniň YD toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýänleriň ele salynmagy baradaky maglumatlaryny beýleki garaşsyz çeşmelerden tassykladyp bilmedi. Emma ýene iki sany çeşme agzalan regiona goşmaça güýçleriň we harby tehnikanyň iberilendigini tassykladylar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň territoriýasynda “YD mahsus terraktlaryň” ähtimaldygy barada daşary ýurt tarapyndan aňtaw maglumatlaryň berlendigini Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, iýun aýynda habar beripdi.

Şeýle-de, çeşmeler “Yslam döwleti” topary bilen aragatnaşykda güman edilýän Türkmenistanyň dört raýatynyň agzalan daşary ýurtdan çykarylandygyny aýdypdy. Azatlygyň çeşmeleriniň biri agzalan ýurduň Türkiýedigini aýdypdy.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň serhet goşunlaryna 2016-njy ýylyň mart aýynda ýolbaşçy bellenen Begenç Gündogdyýewiň harby derejesinden peseldilmegi birinji gezek däl. Gündogdyýewiň 2011-nji ýylda goranmak ministri bolan döwründe “wezipe borçlaryny kanagatlanarly berjaý etmändigi sebäpli” harby derejesi peseldilipdi. Şol döwürde prezidentiň gaharlanmagyna Abadan şäherinde ok-däri saklanýan skladda dörän partlama sebäp bolupdy. Resmi maglumata görä, 2011-nji ýylyň 7-nji iýulynda Abadanda bolan partlama zerarly 15 adam wepat bolupdyr.

XS
SM
MD
LG