Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa şäherçesiniň iki desgasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi


Aşgabatda Olimpiýa stadionynyň depesinde ýerleşdirilen atyň kellesiniň heýkeli
Aşgabatda Olimpiýa stadionynyň depesinde ýerleşdirilen atyň kellesiniň heýkeli

Aşgabatda Aziýa oýunlaryna niýetlenip gurlan olimpiýa şäherçesiniň iki desgasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Guinness World Records kompaniýasynyň wekilleri ölçegleri boýunça iki desgany örän iri bolandygy üçin bellige aldylar we munuň şeýledigini tassyklaýan güwänamalary türkmen häkimiýetlerine gowşurdylar.

Resmi mediada Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberindäki ahalteke bedewiniň keşbi “atyň dünýäde iň uly nyşany” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi aýdylsa-da, Guinness World Records kompaniýasynyň gowşuran güwänamasynda bu desganyň “atyň kellesiniň dünýäde iň uly nyşany” hökmünde hasaba alnandygy bellenilýär.

Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa “dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu habar 21-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň edara binasynda geçirilen maslahatda mälim edildi.

Resmi maglumata görä, atyň şekili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginden öňürti, onuň aýratynlyklaryny ýazyp bellemek işleri 2017-nji ýylyň 6-njy martynda geçirilipdir. Şol ölçeglere laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metre (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) we ini 40, 24 metre (132 fut 0,6 dýuým) barabardyr.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si bar. 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren ölçeglerine laýyklykda, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976, 65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy diýip, resmi mediada aýdylýar.

Ýatladyp geçsek, türkmen häkimiýetleri olimpiýa şäherçesindäki esasy sport desgasy – 45 müň orunlyk stadionyň depesinde ýerleşdirilen atyň kellesiniň şekiline ençeme tapgyr özgertmeler girizipdi.

Olaryň ilkinjisi şu ýylyň mart aýynda amala aşyrylyp, şonda Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany – atyň boýnundaky halkaly pelte aýrylypdy. Atyň uly kellesiniň boýnunyň daşynda ýerleşdirilen şol halkaly pelte käbir aktiwist toparlary tarapyndan, dar halkasyna meňzedilipdi.

Iýun aýynda bolsa, onuň boýnunyň daşyna alajanyň şekilindäki aýlaw geçirildi we depesine olimpiýa alawy oturdyldy. Bu waka, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň olimpiýa şäherçesine aýlananda, gürrüňi gidýän atyň şekiliniň üstünde aýratyn durup geçip, onuň boýnundan alaja geçirmegi ýörite tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat gelipdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna niýetlenip gurlan desgalaryň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bilen baglanyşykly ilkinji waka däl.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda açylan Aşgabadyň täze halkara aeroportynyň ýolagçy terminalynyň üçeginde şekillendirilen iň uly haly gölüniň nagşy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda döredendigi aýdylýan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy Maryda iň kän adamyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilip, ilki Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, soň Aşgabatda geçjek V Aziýa oýunlarynyň resmi senasy hökmünde saýlanyp alyndy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Aziýa oýunlarynyň “ýurduň dünýädäki abraýyny artdyrjakdygyny” tekrarlasa-da, bu sport çäresi we oňa niýetlenip gurulýan desgalar üçin ýurduň býujetinden anyk näçe mukdarda pul serişdeleriniň goýberilýändigi barada dymyp gelýärler.

XS
SM
MD
LG