Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täze duralgalary gurmak işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Aşgabatda täze duralgalary gurmak we köçeleri abadanlaşdyrmak işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 14-nji awgustda türkmen lideri bu barada ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň kadalaşdyrylyşyna we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlanan hökümet maslahatynda belläp geçdi.

“Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny garşylamaga görýän taýýarlyk işleriniň derejesine ünsi çekip, paýtagtymyzda ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze duralgalary gurmak, şäher köçelerini abadanlaşdyrmak hem-de abatlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy” diýlip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.

Berdimuhamedowyň bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigi barada anyk görkezmeler berendigi aýdylýar. Emma habarda bu görkezmeler jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýeri gelende bellesek, prezidentiň beren bu tabşyrygy paýtagtyň sowadyjyly awtobus duralgalaryna ýolagçylaryň goýberilmeýändigi, şeýle-de köçelerde awtobus duralgalarynyň azalandygy we käbir abat köçeleriň sökülip, gaýtadan abadanlaşdyrylýandygy we munuň ýaşaýjylara oňaýsyz täsir ýetirýändigi barada maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Aşgabadyň içi sowadyjyly awtobus duralgalarynyň biriniň daşynda duran ýolagçylar
Aşgabadyň içi sowadyjyly awtobus duralgalarynyň biriniň daşynda duran ýolagçylar

Mundan bir ýarym aý çemesi ozal paýtagtyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk şaýollarynyň ugrunda ýerleşen we özüniň görnükliligi bilen tapawutlanýan awtobus duralgalarynyň ýolagçylar üçin niýetlenen sowadyjyly otaglaryna aşgabatlylaryň goýberilmeýändigi we olaryň gapylarynyň elmydama gulply saklanylýandygy habar berlipdi.

Şonda ýolagçylaryň ençemesi howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýan mahaly, özleriniň duralgalardaky split ulgamly otaglarda däl-de, olaryň kölegesinde ýa-da töwerekdäki baglaryň saýasynda garaşmaly bolýandyklaryny gürrüň beripdiler. Türkmenistanyň awtoulag ministrligine degişli käbir edaralaryň jogapkär resmileri Aziýa oýunlary başlanýança, bu otaglaryň gulply saklanylmalydygy barada “ýokardan berlen ýörite görkezmäniň” bardygyny aýdypdylar.

Mundanam başga, Aşgabadyň jemgyýetçilik transport serişdeleri gatnaýan köçelerinde geçirilen abatlaýyş işlerinden soň, awtobus duralgalarynyň sanynyň göz-görtele azalandygyny we olaryň tas ýarysynyň diýen ýaly gaýtadan ýerleşdirilmändigini Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar berdiler.

Aşgabatdaky duralgasyz awtobus duralgalarynyň biri
Aşgabatdaky duralgasyz awtobus duralgalarynyň biri

Galyberse-de, iýun aýynyň başynda Aşgabatda uly dabara bilen açylan Nurmuhammet Andalyp köçesi gaýtadan ýapylyp, ony ýaňadandan asfalt bilen örtmek işleri hem geçirildi.

Türkmenistan 17-27-nji sentýabry aralygynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, beýleki çäreler bilen bir hatarda, paýtagtda köçeleri, awtoduralgalary abatlamak we jaýlaryň daşyny mermere meňzeş alfagon serişdesi bilen örtmek işlerini amala aşyrýar.

Türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlarynyň ýurduň halkara derejesindäki abraýyny artdyrjakdygyny tekrarlaýarlar, emma dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy bilen agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara, oňa görülýän taýýarlyklara çykarýan pul serişdeleri barada aýdyň hiç zat aýdylmaýar.

Elýeterli maglumatlara görä, Aşgabatda gurlan olimpiýa şäherçesi we oýunlara gabatlanyp açylan täze aeroport üçin, döwlet gaznasyndan 7 milliard amerikan dollaryndan gowrak maliýe serişdesi harçlandy.

XS
SM
MD
LG