TDH döwlet habar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly aga hakynda ýene bir kitap ýazandygyny habar berýär.
Bu kitap türkmen prezidentiniň söweş lybasynda nyşana ok atyp, pyçak zyňyp, harby taýýarlygyny görkezýän wideosynyň onlarça ýurduň mediasynda gyzykly habara öwrülen hepdesiniň yz ýanynda okyjylaryna gpwuşdy.
Berdimuhamedow mundan öň atasy Berdimuhammet Annaýewe bagyşlanan “Älem içre at gezer” atly kitabyny, kakasyna bagyşlanan “Döwlet guşy” eserini çap etdiripdi. Ikinji kitap boýunça sahna eseri hem döredildi.
Täze kitap “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” diýlip atlandyrylypdyr we ýurduň Içeri işler ministrliginiň taryhyna hem-de prezidentiň kakasynyň ministrligiň işine goşan şahsy goşandyna bagyşlanypdyr.
Berdimuhamedowyň fewral aýynda çykan kitaby hem mertlik temasyndan ýazylypdy we “Mertler Watany beýgeldýär” diýlip atlandyrylypdy.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-harby bölüminde guraldy we oňa gatnaşyjylar 1001-nji harby bölümde Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet ýoluna bagyşlanan muzeýe hem baryp gördüler diýip, habarda aýdylýar.
Dabarada çykyş edenler täze kitabyň “nesiller, aýratyn-da, içeri işler edaralarynyň şahsy düzümi üçin özboluşly mekdepdigini bellediler” diýip, TDH habar berýär.
Dabaranyň dowamynda bagşy-sazandalar Mälikguly Berdimuhamedowyň goşgularyna döredilen aýdymlary aýtdylar diýip, habarda bellenýär.
Türkmen prezidenti 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geleli bäri 40 töweregi kitabyny çap etdirdi.
Mysal üçin, 2007-nji ýylda prezidentiň 5 kitaby çap edildi. Şondan soňky ýyllarda ol edil beýle öndümli işläp bilmedi, emma her ýylda azyndan 2, 3 kitap çykartmaga ýetişdi.
Eger 2013-nji ýyldan soňky döwre seretseň, Berdimuhamedowyň ýene öndümli ýazyp başlandygyny görse bolýar.
Ol 2014-nji ýyldan bäri her ýyl, döredýän täze aýdym-sazlarynyň gapdalyndan 6, 7sany kitap ýazyp we çykardyp hem ýetişýär.
Türkmen telewideniýesi mundan öň Berdimuhamedowyň täze kitaplaryny Ministrler kabinetiniň mejlisinde egindeşlerine sowgat berşini we olaryň ony eglip, maňlaýlaryna sylyp kabul edişlerini görkezerdi. Emma bu gezek bu däp bozulana meňzeýär.
Ýöne muňa garamazdan, prezidentiň kitaplary indi telewideniýede okalyp, okyjylara mawy ekran arkaly hem ýetirilýär.
Şeýle-de soňky döwürde prezidentiň ejesi hakynda, "gahrymany dünýä beren ene" hökmünde, alkyşly aýdym aýdylyp başlandy.