Balkan welaýatyndaky Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde ençeme ýaşaýjynyň hususy hojalyk jaýyny gurmaga niýetlenen ýer bölegini almak üçin ençeme ýyllap nobata durandygyna garamazdan, olaryň bu ýer bölegini alyp bilmän kösenýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosyna anonim görnüşde ugradylan hatda özlerini Akdaşyň ýaşaýjylary diýip tanadan raýatlar bu şäherçede adamlara ýer bölegini paýlap bermek çäresi birnäçe ýylyň dowamynda amala aşyrylsa-da, ýer böleginiň öňden nobata duranlara däl-de, nobata durmadyklara berilýändigini aýdýarlar.
“Biz etrap ýaşaýjylary özümize degişli ýer bölegini almak üçin nobata durus. Emma näme üçindir şol nobatymyz bize ýetmän, nobatda durman [ýer] alýanlar bolýar. Bu ýer bölekleri diňe bir etrap ýaşaýjylary däl, eýse Balkan welaýatynyň etrapdyr şäherleriniň ýaşaýjylaryna, galyberse-de, beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylaryna paýlanylyp berilýär” diýip, hatyň dowamynda aýdylýar.
Şeýle-de, hatda bu meselä närazylyk bildirip, Akdaşyň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň ýurduň hukuk goraýjy edaralaryna ýüz tutandygy, emma olaryň öz ýüzlenmelerine haýsydyr bir anyk jogap alyp bilmän gelýändigi bellenilýär.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bu meseläniň jikme-jikleri bilen gyzyklanyp, Akdaşyň ýaşaýjylarynyň 10-dan gowragy bilen ýörite söhbetdeş boldy.
Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň akdaşlylara salgylanyp aýtmagyna görä, 1990-njy ýyllaryň ahyrynda we 2000-nji ýyllaryň başynda Akdaşyň ýerli geňeşiniň we Türkmenbaşy etrap häkimliginiň ýolbaşçylary bu şäherçäniň ýaşaýjylaryna hojalyk jaýyny gurmak üçin ýer böleginiň paýlanyp beriljekdigini wada beripdirler we şondan soň mellek ýerini almak isleýän raýatlaryň sanawyny düzüpdirler.
Emma aradan 20 ýyl çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, ýaşaýjylaryň aglabasynyň ýer bölegini alyp bilmeýändigi, ýeriň her ýyl diňe sanlyja hojalyga berilýändigini akdaşlylar aýdýarlar.
“Mellek ýerini bermek juda haýal dowam edýär. Her ýylda bolup bilse 10-12 hojalyga mellek ýeri berilýär. Mellek ýeri beriljek diýen wada ynanyp, melek ýeriniň berilmegine garaşyp duran adamlaryň sany bolsa 200-den hem köpräk. Bu resmi arza bilen ýüzlenen adamlaryň sany” diýip, Bugaýew başga-da 300 çemesi akdaşlynyň mellek ýerini almaga garaşýandygyny gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy akdaşlylaryň ýer bölegini almakda başdan geçirýän kynçylyklary barada, Akdaş ýerli geňeşligi we Türkmenbaşy etrap häkimligi bilen habarlaşanda, haýsydyr bir resmi kommentariý almak başartmady.
Emma Türkmenbaşy etrap häkimliginiň efirde adynyň tutulmazlygyny we häkimlikde eýeleýän wezipesiniň aýdylmazlygyny soran jogapkär işgäriniň aýtmagyna görä, ýaşaýjylara mellek ýeriniň wagtynda berilmezligi etraba döwlet tarapyndan goýberilýän maliýe serişdesiniň azlygy bilen baglanyşykly.
“Häkimligiň jogapkär işgäri ‘mellek ýerini bermek juda bir kyn iş däl. Eger ýokardan görkezme berilse, onda olara mellek ýerini paýlap bermäge ýer bar. Ýöne ýer bereniň bilen ähli mesele çözülenok. Ýer bereniňden soňra, ol ýerde çagalar baglary, mekdepler gurulmaly. Posýologyň içinde awtobus gatnawyny ýola goýmaly. Ine, bu zatlary döwlet tarapyndan etraba goýberilýän maliýe serişdesiniň hasabyna çözüp bolanok. Şonuň üçinem Akdaş posýologyny ösdürmek babatynda beýleki ýerlerde edilişi ýaly ýörite döwlet programmasy kabul edilmese, şu ýagdaý 10-15 ýyldanam çözülmez’ diýip, ýagdaýy gürrüň berdi” diýip, Bugaýew aýtdy.
Akdaşlylaryň ençemesi welaýat merkezlerinde ýa-da paýtagtda müňläp ýaşaýyş jaýy salnyp, olaryň ençemesiniň boş durýan mahaly, ýurduň çetki etraplaryndaky raýatlara ýer böleginiň hem berilmeýändigini, olaryň özleri üçin zerur bolan durmuş hajatlaryny döretmegine şert döredilmeýändigini aýdýarlar.
Munuň netijesinde köp maşgalalaryň dar kwartiralarda ýa-da hojalyk jaýlarynda ençeme adam ýa-da maşgala bolup ýaşamaga mejbur bolýandygyny, akdaşlylar nygtaýarlar.