Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy (ECHR) Orsýetiň geý “propagandasyny” ýaýratmak gadagançylygy jynsy azlyklaryň söz azatlygyny depeleýär we geý adamlary kemsidýär diýip, karar çykardy.
Strasburgda ýerleşýän suduň 20-nji iýunda gelen karary orsýetli üç sany geý aktiwisti Nikolaý Baýewiň, Alekseý Kiselewiň we Nikolaý Alekseýewiň peýdasyna çykaryldy. Olar özleriniň söz azatlygynyň bozulmagyndan we Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça konwensiýasynda kepil geçilen hukuklarynyň depelenmeginden arz edipdiler.
“Şeýle kanunlary kabul etmek arkaly häkimiýetler tagma basýarlar we köne pikiri tutaşdyrýarlar we homofobiýany öjükdirýärler, bu bolsa demokratik jemgyýetiň gymmatlyklaryna gabat gelmeýär” diýip, resmi beýannamada aýdylýar.
Orsýetiň ençeme regionynda “adaty bolmadyk seksual gatnaşyklaryň propagandasyny” gadagan edýän kanunyň girizilmeginiň yzýany 2013-nji ýylyň iýun aýynda ýurtda federal derejesinde güýje girdi.