Türkmenistanda hojalyk önümleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat öýi tarapyndan halkara çäresi hökmünde ýylda geçirýän bu çäresi 2-nji maýda Aşgabatda öz işine başlady.
Serginiň ýurtda milli önümçilik arkaly importyň öwezini dolmak şeýle-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijesini görkezýändigi resmi maglumatlarda aýdyldy we bu ugurdan ýurtda onlarça kärhananyň üstünlikli işleýändigi habar berildi.
Sergide esasan mebel, öý-hojalyk tehnikasy, elektron harytlar, kompýuter ýaly harytlar ýerleşdirildi. Türkmenistanyň özünde öndürilen harytlaryň arasynda dokma senagat önümeri, şeýle-de milli sungatçylyk önümleri köpçülige hödürlendi.
Mart aýynda türkmen ýolbaşçylary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaldyp, onuň ýerine içerki önümçiligi ösdürmek maksatnamasynyň çäginde ýurtda öý-hojalyk tehnikasyny öndürmegi planlaşdyrýandygyny mälim edipdi.
Aşgabatda geçirilýän hojalyk önümleriniň sergisi 4-nji maýa çenli dowam eder.