Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenistanda jaý nobaty ýetenlere däl-de, ýokary wezipelilere berilýär'


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda ençeme ýyllap nobata duran işgärlere jaý berilmeýär diýip, bu pudagyň käbir işgärleri habar berýärler.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň oba-hyzmat tokaý birleşiginiň käbir işgärleri Azatlyk Radiosyna ýollan maglumatlarynda, bu birleşikde 10 ýyl çemesi nobata duran işçilere jaý berilmeýändigini, emma käbir ýokary wezipeli adamlaryň “galplyk” bilen sanawyň başyna geçip, jaý alýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda bagban bolup işleýän adamlar indi 10 ýyl çemesi nobata duranam bolsalar, olara jaý berlenok. Näme üçin? Pudakdaky kontor işgärleri jaý nobatynda yzda duran ýokary wezipelerde işleýänleriň resminamalaryny galplaşdyrlan görnüşde öňe geçirip, jaýlary şol adamlara berýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran, agzalýan edaranyň tokaý birleşiginiň bir işgäri aýdýar.

Onuň sözüne görä, “garamaýaklaryň jaý nobaty ýeten bolsa, olara pensiýa ýaşyna ýetdiňiz diýip, 6 aýlyk şertnama zorluk bilen gol çekdirýärler”.

Azatlyk Radiosy gürrüňi gidýän işgärleriň jaý alyp bilmezligi we onuň sebäpleri dogrusynda, “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen habarlaşanda, nähilidir bir kommentariý almak başartmady.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we welaýatlarda ilat üçin ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ençemesiniň gurulýandygyny we ýüzlerçe maşgalanyň täze jaý bilen üpjün edilýändigini resmi media serişdeleri habar berýärler.

Emma şol jaýlary alýan adamlaryň aýlyk gazançlary, jaýlaryň bahasy we ony üzmek şertleri ýa-da paýtagtdaky “abadanlaşdyrmalar” zerarly jaýsyz galan adamlaryň sany, olaryň näçesiniň jaý zerurlygynyň kanagatlandyrylandygy barada anyk maglumatlar berilmeýär.

Aşgabatda ol ýa-da beýleki döwlet edarasynyň buýurmasy esasynda gurulýan täze jaýlaryň 90 müň amerikan dollaryndan başlaýan bahalarynyň 340 müň amerikan dollaryna çenli baryp ýetýändigini, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berýärler.

Aýdylmagyna görä, bu jaýlar ministrlikleriň jaý nobatyna duran we bäş ýyl işlän işgärlerine 50 prosent ýeňillik bilen satylýar, jaýyň galan bahasyny jaý alanyň işleýän edarasy töleýär.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda täze-täze ýaşaýyş jaýlary gurulsa-da, olaryň köpüsiniň boş durandygyny, munuň sebäpleriniň bolsa jaýlaryň bahasynyň aýlyga ýaşaýan adamlaryň satyn alaryndan aşa gymmatlygy we olardan ýeňilleşdirilen kredit esasynda döwlet wezipelerinde işleýän “diňe saýlama” adamlaryň satyn alyp bilýändigi bilen düşündirýärler.

Şol bir wagtyň özünde, jaýy ýykylan ýa-da jaýsyzlykdan kösenýän ençeme adamyň jaý almak üçin, ençeme ýyllap nobata durandygyna garamazdan, jaý ýa-da mellek ýerini alyp bilmän, dar kwartiralarda ençeme adam ýa-da maşgala bolup ýaşamaga mejbur bolýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG