Şu günler Aşgabadyň protokol köçeleriniň ugrundaky jaýlaryň töwereginde gözegçilik güýçlenip, girelgeleriň ençemesiniň golaýynda raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirilip başlandy.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu howpsuzlyk işgärleri özleri tarapyndan “şübheli” hasaplanylýan islendik adamy saklap, olardan şahsyýetini görkezýän dokumentleri we paýtagtda ýazgyda duran ýerini anyklaşdyrmagy talap edýärler.
Eger olar ýurduň welaýatlaryndan gelen bolsalar, onda myhmançylyga gelen ýerini we gelmeginiň sebäplerini delilleşdirmegi soraýarlar. Muny başarmadyk adamlar degişli polisiýa müdirliklerine alnyp gidilip, soňra-da öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar.
“Ýanynda şahsyýetini tassyklaýan dokumenti bar bolan, ýöne şol jaýda ýaşaýandygyna güwä geçýän dokumenti görkezip bilmeýän adamlardan nirä we näme üçin gelendiklerini sorap, polisiýa müdirligine alyp gidýärler. Şeýle-de, olardan myhmançylyga gelen öýleriniň telefon belgisini alyp, öý eýesinden ‘pylany pylynyýewiç siziň öýüňize haçan geldi? Näme maksat bilen geldi?’ diýen soraglary berýärler. Eger telefon üsti bilen şu soraglar anyklanmasa, onda şol adam öz ýaşaýan welaýatyna ugradylýar we onuň ady, familiýasy ýörite bellige alynýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran Parahat 2/2 etrapçasynyň ýaşaýjysy aýtdy.
Bu çäre, esasan-da, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň, Oguzhan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk köçeleriniň ugrunda we “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň Nurmuhammet Andalyp köçesinden, Garaşsyzlyk şaýoluna çenli aralygynda amala aşyrylyp, olimpiýa şäherçesiniň gapdalynda ýerleşýän Parahat 2/2 etrapçasynyň 16,18 we 19-njy jaýlarynda has köp göze ilýär.
Mundanam başga, gürrüňi edilýän protokol köçelere birikýän ýollaryň tas ählisiniň diýen ýaly golaýynda polisiýa ulaglarynyň gije-gündiz patrullyk edýändigini görse bolýar. Olar adamlardan protokol köçeleriniň ugrunda we golaýynda awtoulaglary goýmazlygy talap edýärler. Şeýle-de, olar gije sagat 11-den soň köçelerde aýlanyp ýören adamlary we awtoulaglary saklap, olardan nirä we näme üçin barýandygyny düşündirmegi, spirtli içgi içip-içmändigini soraýarlar.
Aşgabat şäheriniň protokol köçeleriniň ugrundaky jaýlara indi bir hepde bäri gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň, şeýle-de paýtagtda ýazgyda durmadyk türkmenistanlylaryň öz ýaşaýan sebitlerine zor bilen ugradylmagynyň sebäpleri barada ilat köpçüligine resmi düşündiriş berilmeýär. Bu barada ýurduň resmi media serişdelerinde-de hiç bir maglumat ýaýradylmaýar.
Emma Aşgabatda ýokary wezipelerde işleýän adamlaryň we polisiýa işgärleriniň käbirleri ýurduň beýleki sebitlerinden gelenleri ‘awlamak’ boýunça alnyp barylýan bu çäräni “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşdyrýarlar.
“Şu ýylyň sentýabrynda geçmeli Aziada oýunlaryndan iki aý öň Aşgabat şäherinde ýazgyda durmadyk ýekeje adam hem bolmaly däl. Olar firmada işleýän bolsun ýa-da söwda-satyk bilen meşgullanýan bolsun, tapawudy ýok, ählisi şäherden çykarylmaly” diýip, Azatlyk Radiosynyň polisiýa gullugyndaky çeşmeleriniň biri aýdýar.
Ýeri gelende ýatlatsak, Aşgabada ýurduň beýleki künjeklerinden işlemäne we, umuman, paýtagta gelýän welaýatlylara garşy resmi derejedäki dürli çäklendirmeler 2015-nji ýylyň aýagyndan girizilip başlanypdy.
Şonda Aşgabada welaýat belgili ulaglaryň girmegi gadagan edilip, bu düzgüni bozanlara garşy administratiw çäre görlüp başlanypdy. Şeýle-de, paýtagtda işlemekçi bolýan welaýatlylaryň diňe “iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soň işe kabul edilmelidigi” barada täze düzgün girizilipdi.
Bu çäklendirmeler şu ýylyň mart aýyndan has-da güýçlendirilip, paýtagtda polisiýa işgärleri sähel sölpi, ýagny tagaşyksyz görünýän raýatlary saklap, olaryň şahsyýetini görkezýän dokumentleri barlap başladylar. Şol adamlar paýtagtda ýazgyda durmadyk bolsalar, olara jerime salnyp, soňy bilen-de ýaşaýan sebitlerine ugradylýarlar.
Mundanam başga, Aşgabadyň köçelerinde öz dogany ýa familiýasy bir bolmadyk ýaş jübütleriň bile barýan pursatlary ele salynsa, olaryň polisiýa bölümlerine alnyp gidilýändigi barada hem maglumatlar bar. Bularyň ählisiniň hem Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
Türkmenistan “Aziada-2017” oýunlaryna mundan ençeme ýyl öň taýýarlyk görüp başlap, oňa häzire çenli azyndan 7 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini harçlady.