Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň ogly Mejlisde ýokary wezipä saýlandy


Serdar Berdimuhamedow Mejlisde çykyş edýär. 20-nji mart, 2017 ý.
Serdar Berdimuhamedow Mejlisde çykyş edýär. 20-nji mart, 2017 ý.

Prezident G. Berdimuhamedowyň ogly ýurduň Mejlisinde ýokary derejeli wezipä bellenildi.

Duşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynyň dowamynda, Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlandy.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, Serdar Bedimuhamedow mundan üç aý çemesi ozal, ýagny geçen ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak” saýlaw okrugyndan deputat saýlanypdy.

Berdimuhamedowyň ogly deputat saýlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00

Türkmen Parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow prezidentiň oglunyň başlyklyga saýlanan Komitetiniň ýurduň kanunçylyk durmuşynda esasy rollaryň birini oýnaýandygyny aýtdy.

“Kada-kanunçylyk baradaky komitet Türkmenistana degişli kabul ediljek ähli normalaryň, kadalaryň, kararlaryň, kanunlaryň proýektini işläp düzýär. Ol Komitet Türkmenistanyň kanuny durumyny kesgitleýär” diýip, Söýünow belledi.

Şol bir wagtda, ozalky türkmen deputaty bu “ýokary derejeli we jogapkärli wezipä”, adatça, hukuk ulgamynda uly tejribesi bolan bilermenleriň saýlanýandygyny aýdyp, deputat bolanyna “ýaňy üç aý bolan biriniň” bu wezipä geçmeginiň “kadadan çykyjy ýagdaýdygyny” mälim etdi.

“Üç aýlap deputat boldugyň, Mejlisiň işini bildigiňi aňlatmaýar” diýip, Söýünow nygtady.

Şol bir wagtda, öňki türkmen parlamentarisi Söýünow Serdar Berdimuhamedowyň hut prezidentiň ogly bolandygy üçin, bu möhüm wezipä saýlanandygyna “ynanýandygyny” hem sözüne goşdy.

Galyberse-de, türkmen mediasy prezidentiň oglunyň iş we durmuş ýoly barada juda çäkli derejede maglumat berýär. Serdar Berdimuhamedowyň deputatlyga saýlanmagyndan ozal, onuň eýelän döwlet wezipeleri barada asla-da maglumat ýokdy. Emma şol pursat onuň Daşary işler ministrliginde bölüm müdiri, ýagny halkara habar serişdeleri bilen aragatnaşyk departamentiniň ýolbaşçysy bolup işländigi tassyk edildi.

Garaşsyz çeşmeler Serdar Berdimuhamedowyň ozal Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak agentliginiň ýolbaşçylarynyň biri bolandygyny, emma 2015-nji ýylyň iýulynda bu edara ýatyrylanyndan soň, DIM-de täze wezipä bellenendigini habar beripdiler.

Mundanam başga, garaşsyz çeşmeler Serdar Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň awgustynda, tehniki ylymlaryň doktory Gurbanmyrat Mezilowyň ylmy ýolbaşçylygynda, kandidatlyk işini gorandygyny, bir ýyl soňra, 2015-nji ýylyň iýulynda bolsa, doktorlyk işini gorap, tehniki ylymlaryň doktory diýen ylmy derejäni alandygyny habar berdiler. Emma türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosyna Serdar Berdimuhamedow bilen bile okan kursdaşyndan, onuň 2008-2011-nji ýyllarda Orsýet Federasiýasynyň DIM-iniň Diplomatiýa akademiýasynda, halkara gatnaşyklary fakultetinde okandygyny anyklamak başartdy.

XS
SM
MD
LG