Dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň ýaýramagynyň derejesi boýunça täze halkara hasabatynda Türkmenistan iň korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzaldy.
“Transparency International” guramasynyň 2016-njy ýyl boýunça “Korrupsiýany görkeziji indeksi” atly hasabatda Türkmenistany 176 ýurduň içinde 154-nji orunda ýerleşdirilipdir.
Hasabatda ýurtlarda korrupsiýanyň kök urmagynyň derejesine 100 ball esasynda baha berlip, Türkmenistana berlen baha Zimbabwe bilen deň bolup, 22 balldan ybarat.
2015-nji ýylyň hasabaty bilen deňeşdirilende, Türkmenistana degişli görkeziji artan hem bolsa, hasabatda ýurduň ozalky orny eýeleýändigi aýdylýar.
Halkara hasabatynda 2016-njy ýylda dünýä derejesinde korrupsiýanyň iň pes derejeli ýurtlaryň Daniýa we Täze Zelandiýadygy aýdyldy. Bu ýurtlara 90 ball derejesinde baha berildi, olardan yzýany Finlýandiýa (89) we Şwesiýa (88) barýarlar. Korrupsiýanyň iň güýçli derejede ornaşan ýurtlary Günorta Sudan (11) we Somali (10) diýlip, hasabatda görkezilýär.
“Korrupsiýany görkeziji indeksi” atly hasabatda GDA ýurtlarynyň arasynda Orsýet we Gazagystan 131-nji derejede ýerleşdirilipdir. Merkezi Aziýa regionynyň ýurtlaryndan Gyrgyzystan (136), Täjigistan (151) we Özbegistan (156) ýerde ýerleşýär.
“Transparency International” guramasynyň 1995-nji ýyldan bäri çap edip gelýän ýyllyk hasabaty dünýä ýurtlarynyň döwlet pudaklaryndaky korrupsiýanyň derejesi boýunça esasy görkeziji bolup durýar we 12 sany garaşsyz guramanyň dürli
ýurtlaryň bilermenleriniň arasynda geçirilen pikir öwrenmeleriň netijesinde toplan maglumatlarynyň esasynda kesgitlenýär.
Guramanyň 2016-njy ýyl boýunça taýýarlan hasabatynda korrupsiýanyň we deňsizligiň arasyndaky arabaglanyşyk nygtalýar we jemgyýetde häkimiýet, baýlyk taýdan deňagramlylygyň bolmazlygynyň korrupsiýanyň bir-birini güýçlendirýändigi bellenýär.