Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujet işgärleriniň wezipe-borçlaryna sport maşklary goşuldy


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan surat.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Aşgabatda döwlet býujetinden aýlyk alýan, şol sanda saglyk we magaryf pudagynyň işgärleriniň berjaý etmeli wezipe-borçlarynyň hataryna ýene biri goşuldy.

10-njy ýanwarda güýje giren täze talaba laýyklykda, mundan beýläk döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärleri her 10 günde bir gezek irden sport maşklaryny ýerine ýetirmeli.

Azatlyk Radiosynyň magaryf we saglyk pudagyndaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, sişenbe güni ilkinjisi geçirilen bu çäre Türkmenistanda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 günüň galandygyny we ýurtda yglan edilen “2017 – Sagdynlyk we bagtyýarlyk ýylyny” dabaralandyrmak üçin geçirildi. Şeýle-de, bu barada ýokardan berlen görkezme döwlet edara-kärhanalaryna ugradyldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary başlanýança dowam etjekdigi aýdylýan bu çäräniň çäginde paýtagtyň döwlet işgärleri, hususanda, 47, 48, 51 we 55-nji mekdepleriň mugallymlary 1 sagat çemesi wagt sport maşklaryny ýerine ýetirdiler.

55-nji mekdebiň howlusynda geçirilen sport çäresine gatnaşan mugallymlaryň aglabasynyň aýal-gyzlardan ybaratdygy we olaryň arasynda pensiýa çykan mugallymlaryň hem bardygy aýdylýar.

Okuw we iş prosesine nähili täsir ýetirer?

“Mekdebiň öňündäki meýdançada mugallymlar üç hatara durdylar. Bu uly mekdep, onda göz çeni bilen 150 çemesi mugallym işleýär. Olaryň 85% töweregi aýal-gyzlar bolup, 150 mugallymyň 60-70 sanysy hem pensiýa ýaşyna ýeten ýa-da pensiýa çykan mugallymlar. Olar ýarym sagat çemesi ýeňil maşyklary ýerine ýetirdiler, ondan soňra-da mekdebiň daşyndan iki gezek aýlandylar” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, bu çäräniň geçiriljekdigi barada öňünden habar berilmändigi sebäpli döwlet işgärleri sport maşklaryny we mekdebiň daşyndan ylgamak çäresini öz gündelik egin-eşiklerinde amala aşyrmaly boldular.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde 2017-nji ýylyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk ýyly” diýlip yglan edilmegi we Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary barada yzygiderli çykyşlar görkezilse-de, döwlet işgärleri tarapyndan berjaý edilmeli talaplaryň mekdepleriň okuw prosesine, saglyk pudagynyň we edara-kärhanalaryň işine näderejede we nähili täsir ýetirjekdigi barada maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

Hökmany medisina barlaglary

Bu aralykda, ýokarda agzalan talapdan başga-da, şu günler Aşgabatda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler hökmany medisina barlagyndan geçmäge mejbur edilýärler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, şeýle medisina barlaglary pudak işgärleriniň ählisine degişli bolup, şuňa meňzeş barlaglar mundan ozal adatça ýylyň başynda däl-de, ýylyň dowamynda dürli wagtlarda geçirilýärdi.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt bu saglyk barlaglaryny saglyk işgärleri öz bähbidine ulanýarlar. Sebäbi işgärler şeýle barlaglardan “sagdyn” diýen haty almak üçin azyndan 100 manat möçberinde para bermeli bolýarlar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Türkmenistan Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ençeme ýyl öňünden taýýarlanyp başlady. Bu çäre mynasybetli Aşgabatda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan ýörite olimpiýa şäherçesi we 2 milliard amerikan dollaryna barabar bolan täze aeroport guruldy.

XS
SM
MD
LG