Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziada-2017: Gulak-guýrugy kesilen it nähili ‘tumar’ bolýar?


 “Aziada-2017” oýunlarynyň resmi tumary
“Aziada-2017” oýunlarynyň resmi tumary

Aşgabatda geçiriljek “Aziada-2017” oýunlarynyň resmi tumary hökmünde ýaşyl reňkli alabaý saýlandy. Türkmen mediasynda “ertekiniň gahrymany ýaly jadyly edip görkezmek üçin” adaty bolmadyk ýaşyl reňke boýalan tahýaly alabaýyň: milli gyzyl donly we sport lybasly şekilleri ýerleşdirildi.

Resmi maglumat guýrugy we gulagy kesilen bu “şadyýan” ite oýunlaryň dowamynda hoşniýetlilik hem-de dostluk ýagdaýyny döretmekde aýratyn ornuň degişlidigini nygtap geçýär.

Şol bir wagtda, haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar haýwanlaryň, şol sanda itleriň, hiç hili zerurlyk bolmazdan, bedenlerine şikesleriň salynmagynyň; soňy bilen-de muny mahabatlandyrmagyň alada dörediji ýagdaýdygyny aýdýarlar.

Düýbi Russiýada ýerleşýän “Wita” atly haýwanlary goraýjy merkeziniň başlygy Irina Nowožilowa türkmen resmileriniň gulagy we guýrugy kesilen iti haýsy matlapdan ugur alyp tumar hökmünde saýlandyklaryny bilmese-de, haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylaryň arasynda bu tejribelere oňaýsyz garalýandygyny aýtdy.

“Men, edil beýleki haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar ýaly itleriň, hiç hili zerurlyk bolmazdan, gulaklaryny we guýruklaryny kesip, ýene goşmaça ezýetlere sezewar edilmegine çürt-kesik garşy çykýaryn. Olara onsuz hem şowhun-şagalaňlarda, uruşlarda ulanyp jebir baryny berýärler. Galyberse-de, – şuny aýratyn nygtaýaryn – hiç hili zerurlyk bolmazdan haýwanlaryň tebigy şekillerine üýtgeşikleri girizýärler” diýip, eýýäm 27 ýyldan bäri haýwanlaryň hukuklaryny goramak bilen meşgullanyp gelýän Irina Nowožilowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, belli türkmen seýisi we atşynasy Geldi Kärizow alabaýyň “Aziada-2017” oýunlarynyň tumary edilip saýlanmagyny goldaýandygyny we olaryň guýruklarynyň we gulaklarynyň kesilmeginiň türkmeniň gadymdan gelýän çarwaçylyk medeniýetiniň düýp özeni bolup durýandygyny aýtdy.

“[Alabaýlaryň guýruklaryny we gulaklaryny kesmek] gaty zerur. Sebäbi, olaryň gulaklary we guýruklary kiçiräk güjük wagty, ýagny 3 günden 11 gün aralygynda, umumy bedene güýçli ýara salmazdan kesilýär. Bu eýýäm bäş müň ýyllap gelýän medeni mesele” diýip, Geldi Kärizow gürrüň berdi.

Ol soňra sözüni dowam etdirip: “Bu asyrlaryň dowamynda synagdan geçirilen mesele. Sebäbi, gulak – bu kekirdek. Guýruk-da – oňurga. Oňa şikes düşse, tomsuň içinde ýara siňek, gurçuk düşüp alabaýy gaty köseýär. [Alabaýlaryň guýruklary we gulaklary] bilnip kesilýär” diýdi.

Emma, haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar çarwaçylykda ulanylmaýan itleriň-de, dekoratiw niýeti bilen guýruklarynyň we gulaklarynyň kesilýändigini aýdyp, bu tejribeleri oňaýsyz garşylaýandyklaryny aýdýarlar.

“Biz haýwanlaryň hem duýgularynyň bardygyny kabul etmegi öwrenmelidiris. Olar hem janly jandarlar ahbetin. Hiç hili zerurlyk bolmazdan, diňe dekoratiw matlapdan olary beden jezasyna sezewar etmegiň hiç hili manysy ýok. Bu rehimsizlikdir. Bu diňe adamyň öz şahsy bähbitleri üçin edilýär” diýip, düýbi Russiýada ýerleşýän “Wita” atly haýwanlary goraýjy merkeziniň başlygy Irina Nowožilowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

"Aziada-2017" oýunlary şu ýylyň 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

XS
SM
MD
LG