Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan: Dükançylar daýhançylyga mejbur edilýär


Balkan welaýaty, Çeleken
Balkan welaýaty, Çeleken

Balkan welaýatyndan ýerli işewürlere, hususan-da hususy dükany bolan onlarça adama kärendesine ýer almaklary we döwlet plany esasynda galla öndürmekleri üçin basyş edilýändigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň merkezi bolan Bereket şäherinde (ozalky Gazanjyk) ýaşaýan Çary Geldi (ady üýtgedildi) etrap häkimliginiň işgärleriniň özünden azyndan 10 gektar ýeri kärendesine alyp, ol ýerde bugdaý ekmegi talap edýändiklerini aýdýar.

Çary Geldi özüniň ýer alyp, bugdaý ýetişdirmek mümkinçiliginiň ýokdugyny, daýhançylykdan başynyň çykmaýandygyny aýdyp, bu talapdan ýüz öwrüpdir.

Emma häkimiýetler, Çary Geldiniň aýtmagyna görä, «diýlenini edip, ýer almasaň, kommersiýa dükanyňy ýaparys» diýip haýbat atýarlar
Aýdylmagyna görä, eger 10 gektar ýeri kärendesine alyp, ol ýere bugdaý ekseň, girdeji almakdan geçen, döwlet tölegleri diýilýäniň aşagynda galýarsyň.

Ýagny, Türkmenistandaky düzgüne görä, döwlet kärendeçiniň ýerini sürüp berendigi, tohumlyk bugdaý berendigi, bugdaýy ekip berendigi, suw, dökün berendigi üçin pul tölegini alýar. Aýdaly, 10 gektar ýer üçin ortaça täze puldan 6 müň manat töleg tölemeli bolsa, döwlet 1 tonna gallany 400 manatdan alýar.

«Eger her gektardan azyndan 3 tonna, 10 gektardan 30 tonna galla hasylyny almasaň, bergä-borja batýarsyň» diýip, bereketli Çary dükançy gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň şorladylandygyny we şu sebäpli her gektardan alynýan hasylyň derejesiniň pese gaçandygyny prezident Berdimuhamedowyň özi hem tassyk edýär

Munuňam üstesine, döwlet tarapyndan wada berilýän kömekler, ýeriň sürülmegi, ekiş, dökün we suw bilen bagly ýardamlar wagtynda berildimi ýa berilmedi, bular hasaba alynmaýar-da, öňden tassyklanan sanaw esasynda töleg töledýärler diýip, şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlar aýdýar.

Eger-de ol töleg wagtynda tölenmese, iş suda geçirilýär we adamlar suda gatnap ýörmezlik üçin ýer almajak bolýar diýip, Çary Geldi Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Balkan welaýatyndan gowşan habarda aýdylmagyna görä, ýer almak we galla ýetişdirmek mejburlygyna uçran dükan eýeleriniň bir bölegi bu talaby kabul etse, öz işini gowy bilýän we kanundan baş çykarýan dükan eýeleri oňa garşy çykýar.

Ýagny olar häkimiýet wekillerinden bu hili talabyň kanuny esasynyň görkezilmegini soraýarlar. Bereketli Çary Geldiniň sözlerine görä, eger dükan eýesi berk dursa, häkimiýet işgärleri beýle bir sürnüp bilmeýärler. Emma ol häkimiýet işgärleriniň, dürli barlaglar arkaly, ýer almaýan dükançylaryň dükanlaryny ýapmaga çalyşýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Mundanam başga, mejbury daýhançylyk basyşy diňe işewürleriň däl, Bereket etrabyndaky mekdepleriň hem başyndan inene meňzeýär.

Balkandan gowşan maglumatda aýdylmagyna görä, Bereket etrabynda geçen ýyl azyndan bir mekdepden 10 gektar ýer alyp, bugdaý ekmegi talap edipdirler, soň bu talap 1 gektar ýer almak we sogan ekmek bilen çalşyrylypdyr we mugallymlar ekilmedik soganyň bahasyny tölemeli bolupdyr.

Türkmen häkimiýetlerinden bu mesele barada düşündiriş almak başartmady.

Balkan welaýatyndan berlen maglumat esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG