Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: 'Türkmenhowaýollarynyň' reýsleri bergi sebäpli ýatyryldy


'Türkmenhowaýollary' gullugynyň Orsýetdäki edarasy, Moskwanyň Domodedowo aeroporty.
'Türkmenhowaýollary' gullugynyň Orsýetdäki edarasy, Moskwanyň Domodedowo aeroporty.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň reýslerine Orsýet Federasiýasynyň howa giňişliginde hyzmat edilmegi bes ediler.

14-nji sentýabrda Orsýetiň transport ministrliginiň resmi websaýtynda çap bolan bu maglumatda, howa gatnaw hyzmatlaryny üpjün edýän orsýetli prowaýderiň öňündäki sazlaşdyrylmadyk bergileriň muňa sebäp bolandygy aýdylýar.

«Rosawiasiýa 'Türkmenhowaýollary' türkmen awiakompaniýasyny «Orsýet Federasiýasynda howa hereketlerini guramalaşdyrmak boýunça döwlet korporasiýanyň» öňündäki bergileri sebäpli onuň Orsýet Federasiýasynyň howa giňişligindäki ähli reýslerine howa gatnaw hyzmatlarynyň 19.09.2016-dan soň mejbury togtadylýandygy barada habarly etdi» diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Yzygiderli bergidar

Habar berlişine görä, «Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary Orsýetiň howa giňişliginden, Aşgabatdan Moskwa we Sankt Peterburga uçmak, şeýle-de Minskä, Birmingheme hem Londona tranzit reýslerini amala aşyrmak üçin peýdalanýar.

Şeýle-de, Orsýetiň transport ministrliginiň Türkmenistanyň howa şirketi bilen hyzmatdaşlygyna degişli çap eden bu resmi maglumatynda aýdylyşyna görä, «Türkmenhowaýollarynyň» Orsýetiň asmanyndaky uçuşlarynyň duruzylmagy türkmen awiakompaniýasynyň yzygiderli bolmadyk hereketleriniň netijesi bolup durýar.

«2016-njy ýylyň dowamynda ‘Türkmenhowaýollary’ möhleti öten bergilerini doly sazlaşdyrmak boýunça garantiýa borçnamalaryny birnäçe gezek öz üstüne alypdy. Başda transport kompaniýasy hyzmatlar üçin 27.08.2016-a, yzysüre 14.09.2016 –a çenli töleg borjuny öz üstüne alypdy. Emma kesgitlenen wagt möhletinde garantiýa borçnamalary berjaý edilmedi. 14.09.2016-da 'Türkmenhowaýollarynyň’ bergisi 220 müň amerikan dollaryna barabar boldy» diýlip, resmi maglumatda habar berilýär.

Şeýle-de, Rosawiasiýa öz maglumatynda bar bolan problemanyň tiz çözülmegine umyt baglap, bergiler doly üzülişenden soň ähli çäklendirmeleriň aradan aýryljakdygyny mälim etdi.

Halkara tejribeleri

Geçen ýylyň tomsunda “Türkmenhowaýollarynyň” Ukrainanyň döwlet awiasiýa gullugy bilen arasynda dawa ýüze çykypdy. Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugy Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýasyna

Kiýew-Aşgabat aralygynda uçuşlary amala aşyrmagy gadagan edip, Ukrainanyň we Türkmenistanyň ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň 2015-nji ýylyň 27-nji maýynda Aşgabatda gelen ylalaşygyna garamazdan, türkmen tarapynyň Ukrainanyň teklip eden “Ukrain halkara liniýalary” (MAU) atly kompaniýasyna Kiýew-Aşgabat aralygynda uçuşlary amala aşyrmaga rugsat bermändigini aýdypdy.

Şeýle-de, maglumatda “Türkmenhowaýollarynyň” ukrain tarapyndan ähli zerur rugsatnamalary wagtynda alyp, öz Ukraina bilen aradaky uçuşlaryny päsgelsiz dikeldendigi aýdylypdy.

Dünýäniň onlarça şäherine halkara uçuşlaryny amala aşyrýan “Türkmenhowaýollary” şu ýylyň awgust aýynda, öz ýolagçylaryny iň köp garaşdyrýan şirket diýlip yglan edilip, onuň Beýik Britaniýanyň London we Birminghem şäherlerine gatnaýan uçarlarynyň iň köp gijä galýandygy habar berlipdi.

2015-nji ýylda Skytrax neşri iň erbet diýen bahany alan awiakompaniýalaryň 23-siniň sanawyny çap edip, «Türkmenhowaýollaryny» dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň hataryna girizipdi.

1992-nji ýylda esaslandyrylan “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy Türkmenistanyň ýeke-täk howa kompaniýasy bolup durýar.

“Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletleri satylýan edaralarynda uly nobatlaryň emele gelmegi, bilet gytçylygynyň ýüze çykmagy, onlaýn bilet söwdasynyň kadaly işlemeýändigi bilen bagly ýagdaýlar barada häli-şindi habar berilýär.

12-nji sentýabrda türkmen parlamenti Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýän bu kompaniýanyň adyny kanun taýdan üýtgetmegi makullady.

XS
SM
MD
LG