Türkmenistanyň milli parlamenti Mejlis “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda kanunyň taslamasyny makullady. Mejlisiň bu kanun proýektini 12-nji sentýabrda makullamagy Aşgabatda gurlan täze halkara aeroportuna barýan täze ýollaryň açylyş dabarasyna gabat geldi.
Ýurduň häzirki halkara aeroporty we “Türkmenhowaýolly” milli döwlet gullugy Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda öňki prezidentiň adyny aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan resmi çäreler barada türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.