Aşgabadyň merkezini täze gurulan halkara aeroporty bilen birleşdirýän ýollar açyldy.
Türkmen mediasynyň 12-nji sentýabrda habar bermegine görä, Bitarap Türkmenistan we Gurbansoltan eje köçeleriniň çatrygynda we Atamyrat Nyýazow köçesiniň täzelenen böleginde ýerleşýän uzynlygy 790 metrlik täze tunnel we 660 metrlik köprüler täze aeroportdan paýtagtyň merkezine çenli ýoly birnäçe esse tiz geçmäge mümkinçilik döredýär.
Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň 2013-nji ýylda gurup başlan halkara aeroportunyň şu aýyň aýagynda ulanylyşa tabşyrylmagyna garaşylýandygyny garaşsyz çeşmeler habar berýärler. “Polimeks” bu halkara aeroportunyň bahasyny 2 milliard 253 million amerikan dollary möçberde görkezýär.
Aşgabadyň 1994-nji ýylda gurlan häzirki halkara aeroporty Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli parlamenti Mejlis “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ‘Türkmenhowaýollary’ milli döwlet gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda kanunyň taslamasyny makullady.