Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýadaky "suw uruşlary"


Garagum kanaly
Garagum kanaly

Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar köplenç suw bilen kesgitlenýär diýip, Deýwid Trilliň «Foreign Affairs» žurnalynda 24-nji awgustda çap edilen «Merkezi Aziýadaky suw uruşlary» atly makalasynyň başynda belleýär.

Bu ýurtlar heniz Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolan wagtynda akymyň ýokarsynda ýerleşýän respublikalar bolan Gyrgyzystan we Täjigistan ullakan suw bolçulygynyň hözirinigörýärdi we ýazda hem tomusda öz suw howdanlarynda toplanan suwuň bir bölegini elektrik öndürmek üçin-de, hem öz ýerlerinde, hem aşaky akym ýurtlaryň meýdanlarynda ekin ekmek üçin-de ulanyp bilýärdiler.

Aşaky akym ýurtlary bolsa, öz gezeklerinde, bu ýagşylygyň öwezini her ýylyň gyşynda tebigy gaz, kömür bilen gaýtarýardylar diýip, awtor sözüni dowam etdirýär.

Emma 25 ýyl ozal Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen bu bäş respublikanyň arasyndaky arkalaşyk sistemasy hem syndy.

Gyrgyzystan we Täjigistan indi zol-zol tok kesilmesibilen ýüzbe-ýüz bolýar we öz energiýa zerurlyklaryny ödemek üçin äpet bent gurmaga umyt baglaýar.

Gyrgyzystan özüniň «Kambarata-2” elektrik stansiýasyny 2010-njy ýylda gurup gutardy we indi Orsýetiň kömegi bilen ikinjisini – «Kambarata-1» elektrik stansiýasyny gurýar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bolsa, maliýe serişdeleri bolmasa-da,köplenç özüniň 335 metrlik «Rogun» bendini gurmak missiýasyndan söz açýar. Ol bu bendiň öz mejalsyz döwletini güýç-kuwwatly etjegine bil baglaýar.

Ereýän buzluklar we uruş howpy

Emma bu umyt-isleglere garamazdan, Deýwid Trilliň özüniň «Merkezi Aziýadaky suw uruşlary» atly makalasynda başga bir hakykata, has dogrusy, regionyň uly bir problemasyna ünsi çekýär. Bu problema sebitiň bir zaman çak-çen edip bolýan suw üpjünçiliginiň çeşmesi bolan buzluklaryň görülmedik derejede eremegi bilen bagly.

Deýwid Trilliň Merkezi Aziýanyň her ýylda Şweýsariýa ýaly ýurduň sarp edýän suwunyň möçberinde suw ýitirýändigini aýdýar. Bu gidişde ýokary akymdaky ýurtlaryň gurýan bentleriniň aşaky akymda ýerleşýän ýurtlaryň suw üpjünçiligini mundan aňryk hem ýaramazlaşdyrjagyny çak etmek kyn däl. Has anygy, awtoryň pikirine görä, bu olaryň «iki aýagyny bir gonja» salýar.

«The Economist» žurnalynyň Merkezi Aziýadaky habarçysy bolup işlän Trilliň Fergana ýaýlasyndaky araçäk dawalarynyň üç ýurda ýaýrandygyny we ýerli ilat bilen goňşularyň arasynda suw üstünde oňşuksyzlyk turýandygyny ýatladýar. Bu kiçijik oňşuksyzlyklar çalt ýitileşýär we 2014-nji ýylda gyrgyz we täjik esgerleriAk-Saýdaky strategiki şaglawuk üstünde ok atyşdylar.

Trilliň Türkmenistanyň bu sebitiň iň gurak ýurdudygyny ýatladyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çölüň içinde 3,500 kwadrat-kilometrlik köl gurýandygyny aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat «Altyn asyr köli» diýilýäne daşary ýurt alymlarynyň ak pata berendigini we ony «suw serişdelerini netijeli ulanmagyň ajaýyp nusgasy» hökmünde häsiýetlendirendigini ýazýar.

Bu köli suwdan doldurmak üçin 15 ýyl, 2,600 kilometer kanal we Özbegistandan uç alýan tonnalap suw gerek bolar diýip, «Merkezi Aziýadaky suw uruşlary» atly makalada aýdylýar.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow 2012-nji ýylda suw üstünde hakyky uruş barada duýduryş etdi: «Men anyk ýurtlaryň adyny tutjak däl» diýip, ol Merkezi Aziýadaky goňşularyny nazara alyp aýtdy.

Özbek lideriniň sözlerine görä,«bu ýagdaýlaryň ählisi çynlakaý gapma-garşylyga, hatda urşa çenli ýaramazlaşyp biler».

«Merkezi Aziýada suw uruşlary» atly makalanyň awtory Deýwid Trilliň häzir Harwardyň Shorenstein merkezinde işleýär.

XS
SM
MD
LG