Kerri terrorçylyga garşy göreşi güýçlendirmegi wada berýär
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýada ençeme proýektleri durmuşa geçirdi diýdi. Kerri 3-nji awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäş daşary işler ministrini, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň baş diplomatlaryny kabul edýär. C5+1 diýlip at berlen duşuşygyň açylyş dabarasynda Kerri Birleşen Ştatlar terrorçylyga garşy göreşde regional howpsuzlygy, şeýle-de söwda we transport ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek ýardam berjekdigini aýdyp, regionda ekologiýa taýdan arassa energiýa proýektleri amala aşyrmak üçin 15 million amerikan dollary aýyrandygyny belledi.