Iýun aýynyň aýagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow üç günlük resmi sapar bilen demirgazyk Owganystana bardy. Türkmenistanyň baş diplomaty bu saparynyň dowamynda regionyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşikleri geçirdi.
Meredowyň saparynyň öňýanynda Owganystanyň demirgazyk sebitlerindäki talyban toparyna garşy göreşýän ýarym resmi “Arbaki” ýaragly toparlarynyň hem käbir komandirleri Türkmenistanda boldy we şol ýerde olaryň käbirlerine mugt medisina kömeginiň berlendigi aýdylýar.
Mundan owal Owganystanyň demirgazygynda ýaşaýan käbir dini ýolbaşçylarynyň hem Aşgabada sapar edip, türkmen resmileri bilen gepleşikleri geçirendigini habar alypdyk.
Bu özgerişiklikler Owganistanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde owgan we daşary ýurtly jeňçileriniň hereketleriniň barha artan pursadyna gabat gelýär.
Bu ýagdaý "Türkmenistan demirgazyk Owganystan boýunça nähili sýyasat alyp barýar, onuň nähili netijeleri boldy?" diýen ýaly soraglary orta atýar. Mejlisiň bu sanynda edil şu soraglar barada gürrüň edilýär.
Programmanyň bu günki myhmanlary:
Dr. Gennady Rudkoviç: “Georgia” kollejiniň syýasy ylymlar boýunça professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen;
Amin Mudakkik: asly demirgazyk Owganystandan bolan žurnalist hemem Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pakistanyň tire-taýpalar regiony boýunça gepleşikleri efire berýän Maşal Radiosynyň ýolbaşçysy;
Bruce Pannier: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni we “Kişlog owozi” blogunyň redaktory.
Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhamad Tahir alyp barýar.
Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.