Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Işewürleriň pul çalyşmak ýeňillikleri ýatyryldy


“Senagatçylar we Telekeçiler” partiýasynyň ýygnagy.
“Senagatçylar we Telekeçiler” partiýasynyň ýygnagy.

Türkmenistanyň “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalar indi ýurduň banklaryndan türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilmeýärler.

Mundan ozal, döwlet tarapyndan girizilen ýeňillikli düzgünlere laýyklykda, bu birleşige agza firmalaryň 15-e golaýy belli bir möçberdäki türkmen manadyny amerikan dollaryna konwertasiýa edip, ýagny çalşyp, şol puluň hasabyna hem ýurduň daşyndan dürli harytlary getirýärdiler.

Emma, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, indi 20 güne golaý wagt bäri “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalaryň ençemesine türkmen manadyny dollara konwertasiýa etmäge rugsat berilmeýär.

Ýeri gelende bellesek, bu firmalar daşary ýurtlardan uly göwrümdäki harytlary ýurda getirip, bu harytlary ýörite ulaglar arkaly welaýatlardaky hususy dükan eýelerine paýlaýardylar. Bu harytlaryň arasynda geýim-gejim, parfýumeriýa, senagat we beýleki önümler bar.

“Şu ýagdaýa iru-giç geljegimizi öňünden hem aňýardyk”

Gürrüňi edilýän birleşige agza firmalaryň biriniň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, agzalýan firmalar esasan, ýurduň dört bankynda puly konwertasiýa edip bilýärdiler. Emma häzirki wagtda şol dört bankyň jogapkär resmileri konwertasiýa etmek ýeňilliginiň ýatyrylmagynyň sebäbi, bu çäräniň wagtlaýyndygy ýa däldigi barada anyk maglumat bermekden saklanýarlar.

Ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran firma ýolbaşçysyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalaryň ençemesiniň eýesi şeýle çäklendirmäniň giriziljekdigini eýýäm öňünden duýýardylar.

“Banklar “Häzir biraz garaşyň. Belki, bu düzgün ýatyrylar. Täzeden size konwertasiýa etmäge rugsat berler” diýip, gürrüň edýärmişler. Ýöne käbir firma resmileri “şu ýagdaýa iru-giç geljegimizi öňünden hem aňýardyk” diýýärler. Oňa-da sebäp hökmünde, olar dünýä boýunça dowam edýän ykdysady çökgünligiň Türkmenistana hem gelip ýetendigini, Türkmenistanda-da onuň täsiriniň juda duýulýandygyny aýdýarlar” diýip, Amanmyrat Bugaýew gürrüň berýär.

Gepiň gerdişine görä bellesek, “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalaryň mundan beýläk türkmen manadyny nädip daşary ýurt walýutasyna çalyşjakdygy, öz biznesini nähili dowam etdirjekdigi barada maglumat almak başartmady.

“Dükanlarymyzy ýapmaly bolarys”

Emma daşary ýurtlardan uly göwrümdäki harytlary getirýän firmalara garşy girizilen bu çäklendirmeleriň ilkibaşda ownuk söwdagärlere, galyberse-de, harytlaryň bahasyna we alyjylara öz ýaramaz täsirini ýetirjekdigini käbir hususy dükan eýeleri aýdýarlar.

Sebäbi gürrüňi edilýän birleşige agza firmalar indi orta we ownuk hususy dükan eýelerinden öz satyn alan harytlarynyň tölegini amerikan dollarynda tölemegi soraýarlar. Ýa-da 1 amerikan dollarynyň deregine 5,90-6,00 manat bermegi talap edýärler.

Bu ýagdaýyň netijesinde, hususy dükan eýeleri öz biznesiniň düýbünden ýatyp galmagyndan howatyrlanýarlar.

“Ownuk biznesiň wekilleri ýa-da orta biznesiň wekillerine dalaşgär işewürler, dükan eýeleri öz işleriniň ýatyp galjakdygyny, dükanlaryny islese-islemeseler-de ýapmaly boljakdyklaryny aýdýarlar. Sebäbi 1 dollara 6 manat tölesek, [harytlary] biz kime sataly? diýýärler. Türkmenistanyň ilatynyň gazanýan aýlyk haklary we girdejisi beýle gymmat harytlary satyn almaga mümkinçilik bermeýär. Şonuň üçinem satyn almazlar” diýip, ýerli synçy aşgabatly dükan eýesine salgylanyp gürrüň berýär.

Türkmenistanyň “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalar ozal Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankyndan, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyndan, “Garagum” halkara paýdarlar bankyndan we Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankyndan türkmen manadyny amerikan dollaryna konwertasiýa edip bilýärdiler.

Azatlyk Radiosy bu banklaryň, şol sanda Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň jogapkär resmileri bilen habarlaşyp, täze çäklendirmäniň sebäpleri barada maglumat almaga synanyşdy. Emma türkmen resmileri bu barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

XS
SM
MD
LG