Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard dollary talap edýär


Gazpromyň belgisi
Gazpromyň belgisi

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 2010-2015-nji ýyllarda akdyrylan gaz üçin 5 milliard amerikan dollary möçberde pul talap etdi diýip, orsýet mediasy 6-njy iýulda habar berdi.

“Gazpromuň” Türkmenistanyň döwlet gaz kompaniýasy “Türkmengazyň” üstünden şikaýat edip, 5 milliard amerikan dollaryny talap edendigini we agzalan möçberdäki puluň 2010-2015-nji ýyllar aralygyndaky şertnama boýunça gaz üçin retroaktiw, ýagny öňünden edilen tölegleriň yzyna berilmegini sorandygyny “Interfaks” agentligi habar berdi. Bu maglumaty “RBK” agentligi hem, öz “Gazpromdaky” çeşmesine salgylanyp, tassyklady.

“Gazprom” 2015-nji ýylyň tomsunda “Türkmengazyň” üstünden şikaýat edip, Stokgolmyň ykdysady dawalara seredýän arbitraž suduna ýüzlenip, gazyň bahasyna gaýtadan seredilmegini talap edipdi, emma şonda takyk sanlar görkezilmändi. Munuň öňüsyrasynda, iýun aýynda Türkmenistan “Gazpromuň” alýan gazynyň tölegini tölemäge ukypsyzdygyny aýdyp, orsýet tarapynyň ýylyň başyndan bäri akdyrylan gaz üçin tölemeli hakyny doly tölemän gelýändigini yglan edipdi.

Dawanyň taryhy

Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda 2010-njy ýylda gol çekilen ylalaşykda Gazpromuň ýylda 10 milliard kubometr türkmen gazyny satyn almagy görkezilýär. Käbir maglumatlarda gazyň her müň kubometriniň bahasy 240 dollar diýlip görkezilýär.

“Gazprom” 2015-nji ýylda Türkmenistandan satyn alýan gazyny 11 milliard kubometrden 4 milliarda çenli azaltjakdygyny 2014-nji ýylyň aýagynda mälim etdi.

2016-njy ýylyň başynda “Gazprom” Türkmenistandan gaz satyn almagyny doly bes edýändigini yglan etdi.

Türkmenistanyň we türkmen gazynyň öňki esasy hyrydary Orsýetiň arasynda gaz hyzmatdaşlygyndaky krizis 2009-njy ýylda başlandy.

Türkmenistan 9-njy aprelde Orta Aziýa-Merkez (САЦ-4) gazgeçirijisinde dörän partlamada Orsýeti aýyplap, “Gazpromuň” gazgeçirijisinden alýan gazynyň möçberini öňünden duýdurman birtaraplaýyn azaltmagynyň partlama getirendigini aýtdy.

Iki ýurduň özara gaz söwdasy 2010-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda gaýtadan dikeldildi. Türkmenistanyň we Orsýetiň gaz söwdasynyň ylalaşylan möçberiniň ýylda 30 milliard kubometrden ybaratdygy habar berildi. Emma 2009-2014-nji ýyllarda “Gazprom” Türkmenistandan ýylda 11 milliard kubometr derejesinde gaz satyn aldy.

Uzak möhletli şertnama

Türkmenistanyň we Orsýetiň özara gaz söwdasy 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde iki ýurduň prezidentleriniň Moskwada baglaşan 25 ýyllyk gaz ylalaşygynyň esasynda alnyp barylýar.

Şonda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ylalaşyga gol çekmek dabarasynda Orsýetiň türkmen gazynyň bahasyny pul we haryt görnüşinde tölejekdigini aýtdy.

Şol ylalaşyk boýunça ilkinji üç ýyl üçin gazyň her müň kubometriniň bahasynyň 44 amerikan dollary möçberinde kesgitlenendigi, 2009-njy we 2028-nji ýyllar aralygynda Orsýetiň Türkmenistandan ýylda 70-80 milliard kubometr gazy satyn aljakdygy habar berildi.

Emma 2003-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli “Gazpromuň” “Türkmengazdan” satyn alýan gazynyň möçberi ýylda 42 milliard kubometrden 4 milliarda çenli azaldyldy.

XS
SM
MD
LG