Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan adam hukuklary barada BMG-ä hasabat berýär


BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň maslahaty
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň maslahaty

BMG Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmek boýunça öz halkara borçlaryny üpjün edişi baradaky hasabatyny diňleýär.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 5-nji iýulda Ženewada geçirýän diňlenişiginde Türkmenistan adam hukuklaryna degişli öz esasy halkara ylalaşyklarynyň biri bolan “Graždan we syýasy azatlyklar boýunça” halkara şertnamasyny berjaý edişi barada maglumat berýär.

Türkmenistan, 1997-nji ýylda makullan ylalaşygy boýunça, BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine ikinji gezek hasabat berýär. Ýurduň ozalky hasabaty 2012-nji ýylda diňlenipdi. “Adam Hukuklary boýunça Halkara Partnýorlygy” Türkmenistanyň şol maslahatda tankyt edilendigini habar berýär.

5-nji iýulda geçirilýän ýapyk maslahatda Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmek ugrunda 2012-nji ýyldan bäri durmuşa geçiren çärelerine syn berler.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Türkmenistanyň hasabaty boýunça diňlenişiklerinde alternatiw hasabat berip, gatnaşýan jemgyýetçilik guramalarynyň biri “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin 2012-nji ýylda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Türkmenistanyň hasabatyny diňläp beren rekomendasiýalarynyň arasynda raýatlaryň hereket, söz we beýleki azatlyklaryna hormat goýulmagynyň, gynamalara garşy çäre görmegiň talap edilendigini aýtdy we şol talaplaryň käbiriniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan çäkli görnüşde berjaý edilendigini belledi.

“Türkmenistana berlen rekomendasiýalaryň birinde ýurduň kanunlaryna gynama diýlen düşünjäniň düýpden agzalmaýandygyny, şol bir wagtda-da türkmen kanun goraýjylarynyň tussaglaryň garşysyna gynamalary giňden ulanýandygy bellenipdi. Şondan bäri bu termin Türkmenistanyň kanunlaryna girizildi, gynamalara baş goşýanlara jeza hem göz öňünde tutulýar, emma iş ýüzünde bu jenaýatçylyga baş goşanlary jogapkärçilige çekmek bilen bagly faktlar bize mälim däl” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna döwürleýin synynyň türkmen resmileriniň taýýarlan nobatdaky hasabatynyň esasynda geçirilýändigi, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hem hasabatlary diňlenip, sowallaryň taýýarlanýandygy habar berilýär. Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu sowallara döwürleýin synlaryň indiki ýylyň baharyna planlaşdyrylan jemleýji tapgyrynda jogap bermelidigi bellenýär.

“Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin türkmen häkimiýetleriniň resmi hasabatlarynda ýurtda edilen işler hökmünde kanunlaryň kabul edilmegini görkezýändiklerini, emma iş ýüzünde ýagdaýyň üýtgewsiz galýandygyny belledi.

Tuhbatullin “Graždan we syýasy azatlyklar boýunça halkara şertnama adam hukuklary boýunça esasy dokument bolansoň, biz möhüm meseleleriň arasynda bileleşmek, hereket etmek, söz we metbugat azatlyklary meselelerini gozgamakçy, şeýle-de Türkmenistanda hukuklary depelenen adamlaryň we žurnalistleriň işlerini orta atmakçy bolýarys” diýýär.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň garamagyna ýollan hasabatlarynda Türkmenistanda söz, birleşmek, azatlyklarynyň gödek depelenmegine, garaşsyz graždan aktiwistleriniň repressiýalara sezewar edilmegine, raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynyň eden-etdilikli gadagan edilmegine, “ynamdar bolmadyk” raýatlaryň syýasy sebäplerden tussag edilip, türmelerde ýitirim edilmegine, adamlaryň kanun taýdan kepilsiz, zor bilen göçürilmegine, adamlaryň şahsy we maşgala durmuşynyň depelenmegine, şeýle-de din azatlygyny çäklendirýän kanunlara üns berilýär.

XS
SM
MD
LG