Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni, Daşogza edýän saparynyň çäginde S.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan «Bagtyýar zaman» atly täze obanyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Türken telewideniýesi prezidentiň köçäniň gyralaryna hatara düzülen, dabaralaryň geçjek ýerlerine toplanan adamlaryň, şol sanda aýal-gyzlaryň we çagalaryň «Arkadaga şöhrat» dileýän alkyş sözleri, aýdym-saz bilen garşylanyşyny görkezýär.
Çagalara ýat tutdurylan dabara sözlerinde «eziz Arkadag», «eziz howandar», «mähraban atam jan», «biz çagalar bagtyýar» diýen sözler eşidilýär.
Şeýle-de çagalar prezidente ýüzlenip, onuň «gadamynyň batly bolmagyny, her tutýan işiniň şöhratly, şanly bolmagyny» arzuw edýärler.
Çagalaryň prezidentiň aladalary barada aýdýan «sagbolsunlaryndan» soň gezek berlen ulular hem döwlet baştutanyny aýdym sözlerine salnan alkyş bilen garşy alýarlar.
Türkmen telewideniýesi «Bagtyýar zaman» obasynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, uly türkmen toýunyň tutulandygyny habar berýär.
Şeýle-de telewideniýe prezident Berdimuhamedowyň täze obada jaý alan bir maşgala baryp, olary jaý bilen gutlap, sowgat berşini görkezýär.
«Abadan, parahat, bagtyýar durmuşymyz bar, agzybir halkymyz bar, hemmämizem bir maşgala» diýip, prezident özüne minnetdarlyk bildiren maşgala agzalaryna ýüzlenip aýdýar.
Şeýle-de ol bu etrapda etmeli işleriň «entek kändigini» boýun alyp, çarşenbe güni geçiren ýygnagyny ýatlaýar.
Şol diýilýän ýygnakda prezident häkmleriň bir toparyny işden aýran bolsa, ýene bir toparyna käýinç berdi. Olar esasan oba maksatnamasy boýunça ýeterlik iş edilmändigi, agyz suwy, elektrik, tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň pesdigi, ýollaryň ýaramazdygy, köp ýerlerden asfaltlanan ýollaryň ýokdugy, köprüleriň ýetmezçiligi ýa-da ýaramazlygy sebäpli tankyt edildi.
Emma ýerli synçylar bu hili tandydyň, kadr çalyşmalaryň S.Nyýazow döwründen bäri gaýtalanýandygyny, şol bir wagtda ilatyň durmuş-ýaşaýyş, iş we gazanç etmek şertleriniň gowulanyp gitmeýändigini aýdýarlar.
Resmi habarda aýdylmagyna görä, täze obanyň jaýlary türkmen maşgalalaryndaky köp çagalylyk däplerini nazarda tutmak bilen taýýarlanypdyr. Emma bu jaýlaryň bahasy, jaý berlen ýaşaýjylaryň olary nähili alýandygy, olaryň alan karzlary we ol karzy näçe ýylda üzmelidigi aýdylmýar.
Daşoguz welaýatyndaky problemalaryň baryp sowet ýyllaryndan, Moskwanyň agyr pagta planyndan uç alýandygy, bu sebitde ýerleriň gaty şorlaşandygy aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, daşoguzly synçylaryň aýtmaklaryna görä, bu sebitiň kynçylyklaryny aradan aýyrmak üçin ýeterlik iş edilmeýär.
Daşoguzly Dädebaýyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Daşogzuň adamlary zähmetsöýer we, eger sosial, ykdysady meseleler çözüljek bolsa, olara ýer hususy eýeçilige berilmeli.
Ol sowet döwründäki merkezleşdirilen dolandyryş, buýruk-komanda sistemasy bilen Daşoguzda we beýleki regionlarda emele gelen sosial-ykdysady problemalary doly çözüp bolmajakdygyny aýdýar.