Türkmenistandan gelen zähmet migrantlarynyň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýän Türkiýede 1-nji maý "Işçi baýramy" hökmünde bellenildi.
Ýogsa-da, Türkiýede dürli işlerde işleýän türkmenistanly zähmet migrantlary nähili hak-hukuklara eýe? Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary öz iş şertlerinden hoşalmy? Olar iş barasynda Türkiýede has köp nähili problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we muňa nähili çözgütler gözleýärler?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýede işleýän türkmen zähmet migrantlarynyň hak-hukuk ýagdaýlaryna gönükdirdi.
Gepleşigimizi diňläp, söhbete goşulmaga, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.