Türkmenistanda öýlenjek, durmuşa çykjak ýaşlar, nikalaşmazlaryndan ozal, indiden eýläk WIÇ infeksiýasy boýunça medisina barlagyndan geçmeli bolarlar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugatynyň berýän maglumatyna görä, Aşgabatda şu hepde kabul edilen täze kanun durmuş gurjak jübütlerden başga, gan donorlaryny, göwreli aýallary, türme jezasyny çekýän tussaglary, iş wizasyny almakçy bolýan daşary ýurt raýatlaryny, şeýle-de jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller bilen kesellän näsaglary, neşekeşlikde güman edilýän raýatlary WIÇ infeksiýasy boýunça medisina barlagyndan geçmäge borçly edýär.
Täze kanunyň sagdyn maşgalalaryň gurulmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek, dogulýan çagalara WIÇ infeksiýasynyň ýokuşmagynyň öňüni almak maksatlaryndan ugur alýandygy aýdylýar.
Täze kanun adama SPID keselini, immun ýetmezçiligini döredýän wirusyň ýokuşmagyna garşy görülmeli profilaktiki çäreleriň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär diýip, habarda aýdylýar.
Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle-de respublikanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň meýletin, konfidensial, anonim ýagdaýda türkmen döwlet saglyk edaralarynda WIÇ infeksiýasy boýunça medisina barlagyndan geçmäge hukuklary bar.
Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kesgitlemeginde, epidemologiýa alamatlary bolan ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýatlary, ýurduň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar kanun esasynda WIÇ infeksiýasy boýunça medisina barlagyndan geçmäge borçly edilýär.
Emma daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň işgärleri, Türkmenistanyň çäginde diplomatik artykmaçlyklardan we eldegrilmesizlik hukugyndan peýdalanýan şahslar WIÇ infeksiýasy boýunça konfidensial medisina barlagyndan diňe öz razylyklary bolan ýagdaýynda geçirilip bilner.
Eger-de bir adama WIÇ infeksiýasy ýokuşandyr diýip çak etmäge ýeterlik esas bar bolsa, kanun bu hili adamlaryň WIÇ infeksiýasy boýunça medisina barlagyndan mejbury ýagdaýda geçirilmegini nazarda tutýar. Bu hili ýagdaýda barlag medisina derňewinden geçirilýäniň ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygyny almazdan geçirilýär.
Eger-de ol ýa-da beýleki adamda WIÇ infeksiýasy ýüze çykarylsa, näsaga döwlet kepilligi, onuň hukuklary we borçlary, şeýle-de sosial-psihologiki goldaw barada doly maglumat berilýär diýip, täze kanun baradaky habarda aýdylýar.
WIÇ infeksiýasy ýokuşan we SPID bilen kesellän adamlara, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň karary esasynda, ýaşaýan ýerlerinde dispanser hasabyna almak şerti bilen medisina kömegi berilýär.
Şonuň bilen bir wagtda, bu kanuny bozan adamlar ýurt kanunçylygy esasynda jogapkärçilige çekiler.