1-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow “Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini has-da berkitmek maksady bilen, awtoulagda daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmagyň hem-de edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna” ünsi çekdi.
Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan Türkmenistanyň halkara ulag ýollaryndaky şertler bilen gyzyklanyp, türkiýeli ýük ulag sürüjisi Myrat bilen söhbetdeş boldy.