Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda könelişen jaýlaryň ýykylyp aýrylmazlygyndan we beýleki kemçiliklerden, şol sanda öz gatnaýan protokol köçeleriniň ýeterlik bezelmezliginden nägile boldy, kemçilik goýberen ýolbaşçylara çäre görmegi tabşyrdy.
Türkmen lideri şenbe güni geçiren iş maslahatynda geçen hepde gozgan meselesini, ýagny paýtagtda ýaşaýyş jaýlaryny kärendesine alýan adamlaryň anyk hasaba alynmalydygyny hem ýatlatdy.
Bar bolan kanunçylyga garamazdan, ol bu ugurdaky kanunçylygyň ýerine ýetirilmeýändigini, polisiýanyň ýerli wekilleriniň işiniň düýpli gowulandyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Türkmen paýtagtynyň töwereginde soňky bir ýylda on bäş müň çemesi jaýyň ýykylandygy, on müňlerçe adamyň jaýyny ýitirendigi aýdylýar.
Emma prezident jaýy ýykylan adamlary agzaman, şäher ilatyndan jaý gurunmak üçin mellek ýerleriniň berilmegini soraýan köp arza-şikaýatyň gowuşýandygyny aýtdy.
Döwlet baştutany, paýtagtdaky ýol, köçe, elektrik üpjünçiligi, ýyladyş sistemasy ýaly ugurlarda onlarça ýyl bäri dowam edýän kemçilikleri boýun almak bilen bir hatarda, ilata mellek ýerlerini bermek meselesiniň hem talabalaýyk ýagdaýda çözülmeýändigini tassyk etdi.
Şeýle-de prezident soňky ýyllarda Aşgabatda gurlan binalaryň käbiriniň eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini ýatladyp, ol binalary talabalaýyk saklamakda kemçiligiň köpdügini boýun aldy.
Ine, hatda biziň esasy üns berýän köçelerimiz, ýagny Kopetdag etrabynyň çäklerinden geçýän protokol ýollary hem talabalaýyk bezelmeýär.G.Berdimuhamedow
Hususan-da ol paýtagtda köçeleri we seýilgähleri abadanlaşdyrmak, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek işiniň «örän ýaramaz alnyp barylýandygyny» aýtdy.
«Ine, hatda biziň esasy üns berýän köçelerimiz, ýagny Kopetdag etrabynyň çäklerinden geçýän protokol ýollary hem talabalaýyk bezelmeýär» diýip, prezident aýtdy.
Şeýle-de ol şäheriň etraplarynyň ählisinde belli bir tertibiň ýokdugyna, jaýlara, binalara esewan edilmeýändigine, awtoulaglary goýmak üçin duralgalaryň ýeterlik däldigine, zir-zibilleriň wagtynda ýygnalmazlygyna... ünsi çekdi.
Azatlyk radiosyna interwýu berýän, Azatlygyň websaýtynda we sosial ulgamlardaky sahypalarynda pikirini galdyrýan türkmenistanlylar prezident Berdimuhamedowyň şenbe güni agzan kemçiliklerini, diňe bir Aşgabat bilen baglylykda däl, bütin ýurt boýunça, öňden aýdyp gelýärler.
Şonuň bilen wagtda, raýatlaryň arasynda paýtagt Aşgabatda gurulýan, belki-de talabalaýyk saklamak üçin hemişe uly çykdajy talap etjek kaşaň binalaryň köplüginden, welaýat, etrap ýerlerine az üns berilmeginden nägile bolýarlar.
Ikinji tarapdan, baýramçylyklar, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek sport çäreleri we beýlekiler bilen baglylykda, paýtagta gelýän ýerli migrant işçileriň gysylmagy, welaýat ulaglarynyň şähere salynmazlygy ýaly çäklendirmeler adamlarda has köp alada döredýär.
Indi, prezidentiň paýtagtda tertip-düzgüni berkitmek baradaky täze talaplary çäklendirmeleri güýçlendirermi ýa-da ýurt raýatlarynyň hemmesi üçin deň, kanuny şertlerde, islän ýerinde ýaşamak we işlemek mümkinçiligi dörediler, muny wagt görkezer.
«Garaşsyz, bitarap watanymyzyň paýtagtynda tertip-düzgün hemişe nusgalyk derejede ýokary bolmalydyr» diýip, prezident Berdimuhamedow şenbe güni geçiren iş maslahatynda aýtdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.