Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölüm jezasy türme bilen çalşyryldy


Aşraf Faýad, Saud Arabystanynda ýaşaýan palestin şahyry
Aşraf Faýad, Saud Arabystanynda ýaşaýan palestin şahyry

Saud Arabystany şu gün Aşraf Faýada uzak möhletli türme tussaglygyny we gazaply ten jezasyny berip, sylagly şahyra garşy adalatsyzlygy dowam etdirdi diýip, Amerikan Galamdaşlar merkezi 2-nji fewralda çap eden beýanatynda aýtdy.

An Abha sudy Faýada 2015-nji ýylyň noýabrynda dinden çykmak aýyplamasy esasynda berlen ölüm jezasyny sekiz ýyl türme tussaglygy we 800 dürre urmak bilen çalşyrdy diýip, bu işe ýakyn durýan çeşme Amerikan Galamdaşlar merkezine aýtdy.

Saud Arabystanynda ýaşaýan palestin şahyry, hudožnik we kurator Faýad ilki 2013-nji ýylda, "Içdäki instruksiýalar" atly kitaby bilen bagly aýyplamalar esasynda tussag edildi.

Aýdylmagyna görä, bir adam onuň bilen oňuşman, soňam ony ýurduň dini häkimiýetlerine ýamanlapdyr. 2014-nji ýylyň maýynda berlen türme möhletinden şikaýat etmegi Faýadyň jezasyny has-da agraldýar we oňa ölüm jezasy berilýär.

Bu jeza halkara jemgyýetçiliginde uly gahar-gazap döretdi we dünýä ýüzüniň ýazyjy-şahyrlary, hudožnikleri palestin şahyryna raýdaşlyk bildirip, onuň goşgularyny okadylar we şahyry boşatmagy talap etdiler.

“Aşrafyň indi kellesi kesilmek jezasy bilen ýüzbe-ýüz däldigine begenýäris, oňa ýönekeý ynsan hereketi, hudožnik hökmündäki pikiri üçin täze jeza berlip, adalatsyzlyk we rehimsizlik dowam etdirildi" diýip, Amerikan Galandaşlar merkeziniň Pikiriňi aýtmak azatlygy programmasynyň direktory Karin Deutsch Karlekar aýtdy.

"Sözler jenaýat bolmaýar. Dünýä liderleri bu prinsipiň arkasynda berk durmaly we saud häkimiýetlerine Faýady we patyşalykda parahat usulda pikirini aýdany üçin tussag edilen beýleki bendileri derhal azatlyga goýbermekleri üçin basyş etmeli" diýip, Karlekar sözüniň üstüni ýetirdi.

Saud Arabystany döwletden ýa-da yslamyň wahhaby şahasyndan başgaça pikirlenýänlere aşa çydamsyzlygy bilen giňden tanalýar. Patyşalyk ýanwarda 47 tussagy, şol sanda tankydy pikirlerini aýtmakdan çekinmedik şaýy ruhanysy Nimr Al-Nimri jazalandyryp öldürdi.

2014-nji ýylda on ýyl türme tussaglygy we müň dürre urmak jezasy berlen blogçy Raif Badawi geçen hepde Dammam türmesinde saklanylýan 120 tussagyň hemmesine ýowuz daraşylmagyna garşy protest bildirip, gaýtadan açlyga başlanyndan soň ýeke adamlyk kamera geçirildi. Bu barada onuň resmi twitter hasabynda habar berildi.

XS
SM
MD
LG