Azerbaýjanyň birnäçe etrabynda protest turdy. Bu nebite baý kawkaz ýurdundaky işsizlik, nyrhlaryň aşa gymmatlamagy we beýleki ykdysady meseleler sebäpli barha ýokarlanýan lapykeçligiň soňky alamaty hasaplanylýar.
Birnäçe şäherde adamlaryň tussag edilendigi, azyndan bir ýere harbylaryň iberilendigi habar berilýär.
Bu gozgalaň Azerbaýjanyň esasy eksporty bolan nebitden gelýän girdejileriniň kesgin azalmagynyň tutuş ykdysadyýete sargsyn bermegi netijesinde, milli manadyň hümmetiniň kesgin aşak gaçmagynyň yzysüre bolýar.
Protestçiler 13-nji ýanwarda Fizuly, Aksu, Akjabady, Siýazan we Lankaran etraplarynda öz nägileliklerini, şol sanda un we çörek ýaly esasy azyk önümleriniň bahasynyň gymmatlamagyna gahar-gazaplaryny bildirdiler.
Siýazana demonstrasiýaçylaryň ýörişini togtatmak üçin harby bölümler iberildi we şaýatlar Azatlyk radiosyna azyndan iki demonstrasiýaçynyň tussag edilendigini gürrüň berdiler.
Lankaran etrabynda hem polisiýa birnäçe demonstrasiýaçyny, şol sanda oppozisiýadaky Halk fronty partiýasynyň lideri Nazym Hasanlyny, Musawat partiýasynyň ýerli bölüminiň başlygy Iman Alyýewi tussag etdi.
Bu erkekleriň ikisi hem ygtyýar berilmedik ýygnanyşyga gatnaşmakda günäli bilnip, bir aý türme tussaglygyna höküm edildi. Hasanly we Alyýew özleriniň günäsizdiklerini, sebäbi proteste hiç bir dahyllarynyň ýokdugyny aýtdylar.
Halk fronty partiýasynyň aktiwisti Turan Ybrahym bolsa Bakuwda, 13-nji ýanwar güni giçlik öz öýüniň ýanynda tussag edildi. Dogany onuň işden gelende, azyndan ýedi polisiýa ofiseri tarapyndan, polisiýa garşylyk görkezmekde aýyplanyp tutulandygyny aýtdy.
Dört sany demonstrasiýaçy bolsa, özlerine jerime salnandygyny we soňra azat edilendiklerini gürrüň berdi.
Aksuwda etrap adminstrasiýasynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän Rasim Nowruzow bu etrapdaky wakalaryň protest hökmünde suratlandyrylyp bilinmejekdigini, sebäbi häkimiýetleriň demonstrasiýaçylar bilen gürleşip, olaryň unuň bahasynyň gymmatlygy barada gozgan meselesini çözmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Azerbaýjanyň milli puly bolan manat geçen aý, Merkezi bank onuň goragyny gowşadyp, çalşyk derejesine kontrollygyny bes edeninden soň, dollaryň garşysynda üçden bir töweregi hümmetini ýitirdi.
Azerbaýjanyň Merkezi banky pul düzgünini gowşatmaga mejbur bolandygyny, sebäbi munuň «walýuta ätiýaçlygyny saklamak... we milli ykdysadyýetiň halkara arenasyndaky bäsleşik ukybyny üpjün etmek çin» zerurdygyny aýtdy.
Azerbaýjanyň Merkezi banky 2014-nji ýylyň fewralynda dollar we dollar-ewro torbasyndan çekilip, özüniň manat babatdaky çemeleşmesini üýtgetdi.
Energiýa eksportlary Azerbaýjanyň döwlet girdejileriniň dörtden üç bölegine golaýyny düzýär we nebit bahalarynyň aşaklamaga ýurda agyr zarba boldy.
Şu aýyň başynda 63 ýaşyndaky bir adam öz iş ýeriniň öňünde özüni otlady. Aýdylmagyna görä, ol bu işi öz kärdeşlerine bank bergilerini yzyna töläp bilmeýändigi barada zeýreneninden soň edipdir.
Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.