Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak “araçy” bolmagy teklip edýär


Yragyň daşary işler ministri Ibrahim al-Jaafari.
Yragyň daşary işler ministri Ibrahim al-Jaafari.

Yragyň daşary işler ministri Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda dörän diplomatik krizisi çözmäge synanyşmak üçin öz ýurdunyň araçy boljakdygyny aýtdy. Gürrüňi edilýän iki ýurduň arasyndaky diplomatik krizisiň güýjemegine Saud Arabystanynyň tanymal şaýy ruhanysyny ölüm jezasyna höküm etmegi sebäp bolupdy.

Yragyň daşary işler ministri Ibrahim al-Jaafari bu barada 6-njy ýanwarda Tähranda öz eýran kärdeşi Mohammad Jawad Zarif bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda belledi.

Zarif Eýranyň regionda dartgynlylygy köşeşdirmäge synanyşýan mahaly, Saud Arabystanynyň tutaşdyrýandygyny aýtdy. “Dartgynlylyk döretmek güýç däl-de, ejizligiň, gowşaklygyň alamatydyr” diýip, Zarif belledi.

Eýran Saud Arabystanynyň Şeýh Nimr al-Nimri ölüm jezasyna höküm etmegini berk ýazgardy. Şeýle-de, geçen hepdäniň ahyrynda Eýranda protestçiler Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm etdiler.

XS
SM
MD
LG