Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Orsýet türkmen serhedini goramaga taýýar'


Orsýetiň serhetçileri, täjik-owgan serhedindäki Pýanj obasy
Orsýetiň serhetçileri, täjik-owgan serhedindäki Pýanj obasy

Orsýet Türkmenistanyň “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň ýurda girmezligi üçin Owganystan bilen serhedini berkitmegine ýardam bermäge taýýarlyk bildirdi.

Bu barada Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça departamentiniň müdiri Aleksandr Sternik Interfakst agentligine beren interwýusynda aýtdy.

'Günorta serhedi'

Aleksandr Sternik
Aleksandr Sternik

​Sternik Moskwanyň türkmen partnýorlaryny Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň serhet gulluklary bilen alyp barýan işleri barada habarly edýändigini hem mälim etdi: “Olar Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň bu ugurdaky kararlaryndan habarly. Raýdaşlygyň assosiirlenen agzalary hökmünde biziň dostlarymyz GDA-nyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň işine syn edýändiginden men habarly”.

Aleksandr Sternik Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň esasan düz meýdandan geçýändigini belläp, “bu ýerde serhediň böwsülmek töwekgelçiligi has ýokary, ony birsydyrgyn ýapmak üçin, 137 kilometrlik özbek-owgan serhedine garanyňda has köp resurs gerek” diýdi.

Şeýle-de orsýet resmisiniň bellemegine görä, “Owganystandaky ýagdaýyň durnuklylykdan örän daşda bolup, ýaragly oppozisiýanyň bölünýän ýagdaýynda “frontuň ýakasyndaky döwlet üçin öz howpsuzlyk modelini işläp düzmek çakdanaşa kyn”.

'Dost kömegi'

Aleksandr Sternik Owganystanyň goňşularynyň köpüsi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary wagtyň synagyndan geçen we regionda durnuklylygy üpjün etmekden başga hiç hili gün tertibini göz öňünde tutmaýan partnýorlaryň gatnaşmagynda bilelikdäki tagallalary saýlap alýarlar diýdi.

“Orsýet olaryň biri. Biz muňa çyndan gyzyklanma bildirýäris. Sebäbi Merkezi Aziýa biziň umumy howpsuzlyk giňişligimiziň günorta derwezesidir. Aşgabat islendik ýagdaýda öz dostlarynyň oňa, hiç bir syýasy şertler ýa-da syrly niýetler bolmazdan, ýardam bermäge taýýardygyna bil baglap biler” diýip, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça departamentiniň müdiri Aleksandr Sternik Interfakst agentligine beren interwýusynda aýdýar.

Orsýet resmisiniň bu çykyşyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan entek resmi reaksiýa bildirilenok.

XS
SM
MD
LG