“Häzirki pursat, mümkinçiligiňiz bolan bolsa, Saparmyrat Niýazowa näme diýerdiňiz?” – Azatlyk Radiosynyň öz okyjylaryna ýüzlenip beren bu soragy uly gyzyklanma döredip, diňe ençeme sagadyň dowamynda bu foruma onlarça teswir geldi.
Okyjylarymyzyň bir bölegi Türkmenistanyň häzirki režimi bilen Niýazowyň häkimiýetiniň arasynda deňeşdirmeleri getirýän bolsalar, teswirleriň aglaba böleginde Niýazowyň alyp baran syýasatyna we onuň häzirki netijelerine baha berilýär.
Alew Alew Jan atly okyjymyz “Ozallar beýle parahorluk ýokdy. Parahorlugyň häzirki ýagdaýyna serediň. Saparmyrat Niýazow döwri iş-güýç bardy” diýip, soňky döwürde Türkmenistanda korrupsiýanyň has ösendigini aýdypdyr.
Forumda öz pikirini ýazan okyjylarymyzyň ýene bir bölegi Niýazowa, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda, “türkmeni dünýä tanatmakda”, ýurda garaşsyzlygy we bitaraplygy alyp bermekde eden işlerine minnetdarlyklaryny bildirip, Niýazowyň ýazandygy aýdylýan goşgularyň käbir setirlerini getirip, onuň “jaýynyň jennetden bolmagyny” hem arzuw edipdirlar.
Şol bir wagtda Niýazowyň alyp baran syýasatyna degişli öz tankydy pikirlerini ýazan okyjylarymyz-da bar.
“Atsyz” lakamly okyjymyz “... [Ş]u günki gara günlere sen sebäpsiň. Seniň başlangyjyň dowam edýär... Halkyň öýüni ýykyp başlan hem sendiň, adamlary ömürlik ýitirim edenem sendiň” diýip, öz tankydy pikirini jemleýär.
“Atabaýew” lakamly okyjymyz bolsa özüniň göwrümli teswirini “Salam, Niýazow! Siziň suratyňyzy her sapar görenimde, syýasy güýjüň, şahsyýet kultunyň, ýalan öwgüleriň, ýaranjaňlygyň, “sowgatlaryň” lideri wagtyň geçmegi bilen näderejede özgerdip bilýändigine düşünýän” diýen sözlemler bilen başlaýar.
“Atabaýew” agzap geçen bu ýagdaýlarynyň günäsiniň diňe bir adama degişli däldigini aýdyp: “[S]iz bolmasaňyz ýene bir “türkmenbaşylar”, başga “halk ogullary” gelerdi; gelibem dur. Hemmä aýdyň zat bu” diýip, bu meselede “syýasy, administratiw apparatdaky şahslaryň jogapkärçiligini ýörite belleýär.
Agamyrat Permangoly atly okyjymyz bolsa Niýazowa ýüzlenip: “... ähli ýalňyşlaryň, bidüzgünçiligiň, parahorlugyň, adam saýlamanyň, milleti, h
“Häzirki pursat, mümkinçiligiňiz bolan bolsa, Saparmyrat Nyýazowa näme diýerdiňiz?” – Azatlyk Radiosynyň öz okyjylaryna ýüzlenip beren bu soragy uly gyzyklanma döredip, diňe ençeme sagadyň dowamynda bu foruma onlarça teswir geldi.
Okyjylarymyzyň bir bölegi Türkmenistanyň häzirki režimi bilen Nyýazowyň häkimiýetiniň arasynda deňeşdirmeleri getirýän bolsalar, teswirleriň aglaba böleginde Nyýazowyň alyp baran syýasatyna we onuň häzirki netijelerine baha berilýär.
Alew Alew Jan atly okyjymyz “Ozallar beýle parahorluk ýokdy. Parahorlugyň häzirki ýagdaýyna serediň. Saparmyrat Nyýazow döwri iş-güýç bardy” diýip, soňky döwürde Türkmenistanda korrupsiýanyň has ösendigini aýdypdyr.
Forumda öz pikirini ýazan okyjylarymyzyň ýene bir bölegi Nyýazowa, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda, “türkmeni dünýä tanatmakda”, ýurda garaşsyzlygy we bitaraplygy alyp bermekde eden işlerine minnetdarlyklaryny bildirip, Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan goşgularyň käbir setirlerini getirip, onuň “jaýynyň jennetden bolmagyny” hem arzuw edipdirlar.
Şol bir wagtda Nyýazowyň alyp baran syýasatyna degişli öz tankydy pikirlerini ýazan okyjylarymyz-da bar.
“Atsyz” lakamly okyjymyz “... [Ş]u günki gara günlere sen sebäpsiň. Seniň başlangyjyň dowam edýär... Halkyň öýüni ýykyp başlan hem sendiň, adamlary ömürlik ýitirim edenem sendiň” diýip, öz tankydy pikirini jemleýär.
“Atabaýew” lakamly okyjymyz bolsa özüniň göwrümli teswirini “Salam, Nyýazow! Siziň suratyňyzy her sapar görenimde, syýasy güýjüň, şahsyýet kultunyň, ýalan öwgüleriň, ýaranjaňlygyň, “sowgatlaryň” lideri wagtyň geçmegi bilen näderejede özgerdip bilýändigine düşünýän” diýen sözlemler bilen başlaýar.
“Atabaýew” agzap geçen bu ýagdaýlarynyň günäsiniň diňe bir adama degişli däldigini aýdyp: “[S]iz bolmasaňyz ýene bir “türkmenbaşylar”, başga “halk ogullary” gelerdi; gelibem dur. Hemmä aýdyň zat bu” diýip, bu meselede “syýasy, administratiw apparatdaky şahslaryň jogapkärçiligini ýörite belleýär.
Agamyrat Permangoly atly okyjymyz bolsa Nyýazowa ýüzlenip: “... ähli ýalňyşlaryň, bidüzgünçiligiň, parahorlugyň, adam saýlamanyň, milleti, halky aýyrmagyň başyny başlan sen. Türkmenistany türkmenlere dar etdiň” diýip, pikirini jemläpdir.
“Ýaranlar” lakamly okyjymyz “Halkyň erkini elinden alyp, entetmek işini başladan adama näme diýmeli bolar?!” diýip, forumda goýlan soraga sorag bilen jogap beripdir.
Sözümizin soňunda ýatlatsak, bu ýerdäki teswirler Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň öz şahsy pikirleri bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.
alky aýyrmagyň başyny başlan sen. Türkmenistany türkmenlere dar etdiň” diýip, pikirini jemläpdir.