Şu gün, ýagny 2-nji dekabrda Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky öý dolandyryş edarasynyň işgärleri köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerine aýlanyp, bu ýerdäki dükan, dellekhana eýelerine we beýleki telekeçilere iş ýerlerini ýapmagy duýdurypdyrlar. Resmiler munuň sebäbini düşündirmeseler-de, bu çäklendirmäniň 15-nji dekabra çenli dowam etjekdigini mälim edipdirler.
Azatlyk Radiosy bu mesele barada dolurak maglumat almak üçin Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.