Siriýada rus harby uçarynyň urlup ýykylmagy bilen baglylykda Siriýada ýaşaýan etniki türkmenleriň hem ady çykdy. “Siriýaly türkmenleriň ynsanperwer watan birligi” guramasynyň ýolbaşçysy doktor Muhtar Fatih Türkmenogly Siriýada 3,5 million çemesi türkmeniň ýaşaýandygyny aýdýar.
Eýsem siriýaly türkmenleriň ýurdaky uruş-gowganyň içinde eýeleýän pozisiýasy nähili?
Azatlyk Radiosy bu barada doktor Muhtar Fatih Türkmenogly bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Siriýadan düýn geldim diýdiňiz. Ol ýerde soňky ýagdaýlar nähili?
Muhtar: Ol ýerde [Siriýada] güýçli çaknyşyklar dowam edýär. Ors uçary urlup ýykylandan soň, Orsýetiň bu sebitdäki howa hüjümleri gaty güýçlendi. Şeýle-de, Orsýet deňizden raketa atyp, biziň, ýagny türkmenleriň ýaşaýan sebitini hem bombalaýar.
Azatlyk Radiosy: Iň köp zyýan çeken ýerler nireler?
Muhtar: Orsýet eýýäm 1,5 aýdan bäri Siriýada howa zarbalaryny urýar. Orsýet bu hüjümlere başlany bäri, “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçileriniň ýerleşýän ýerlerini bombalaýandygyny aýdýar. Emma Orsýetiň şu wagta çenli howa zarbalaryny amala aşyran ýerlerinde “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri ýok. Ol ýerde Siriýanyň erkin, azat armiýasynyň toparlary bar. Şol toparlaryň arasynda türkmenler hem bar.
Ol türkmenleriň käbirleri diňe Assadyň režimine garşy däl, diňe “PÝD-ä”, ýagny Siriýadaky kürtleriň ”Demokratik birlik” partiýasyna garşy göreşýär. Kürdüstanyň gadagan edilen işçi partiýasy PKK-nyň dowamy diýlip hasaplanylýan PÝD eýýäm Rakka, Akçakale ýaly sebitleri öz kontrollygyna geçirdi. Häzir bolsa PÝD Fyrat derýasyndan geçip, Jerabulusdan tä Ak deňze çenli aralagy öz içine alýan Kürdüstan döwletini döretmek isleýärler. Biziň türkmen toparlarymyz hem Halap (Aleppo) sebitinde öz territoriýalaryny goramak üçin göreşýärler.
Azatlyk Radiosy: Sizi, ýagny türkmen toparlaryny kim goldaýar?
Muhtar: Bize öz territoriýamyzy goramakda Türkiýeden başga goldaw berýän ýok. Biz Türkiýeden her dürli goldawy alýarys.
Azatlyk Radiosy: Her dürli goldaw diýeniňizde, nämäni göz öňünde tutýaňyz? Harby goldaw, ýagny ýarag berilýärmi?
Muhtar: Ýagny, biziň halas bolmagymyz üçin Türkiýeden her dürli goldawy alýarys. Soňky ýyllarda Türkiýeden Siriýadaky türkmen daglaryna ugradylan MIT ulaglary bar. Şol ulaglaryň içinde ýarag hem azyk önümleri-de bar. Ýagny, gysgaça aýdanymyzda, biz ol ýerde aman galmak üçin her dürli goldawy alýarys.
Ikinjidenem, biziň Siriýadaky oppozision toparlarymyz Assadyň režiminiň kontrollygyndaky ýerleri basyp alanda, şol ýerlerden örän köp ýarag, harby serişdeleri aldylar. Olaryň arasynda tanklar, agyr ýaraglar hem bar. Bulardan diňe siriýa türkmenelri däl, eýse Siriýadaky oppozision toparlar hem peýdalanýar.
Azatlyk Radiosy: Siz kime garşy göreşýäňiz?
Muhtar: Biz ilkibaşda Assadyň režimine garşy göreşýäris. Biz Siriýadaky režim dargandan soň, bu ýerde türkmenler bolup, erkin Siriýada öz ornumyzy eýelemek maksady bilen söweşýäris. Ýöne beýleki tarapdan-da, PÝD biziň ýaşaýan ýerlerimize hüjüm eden mahaly, olara garşy hem söweşýäris. Mysal üçin, PÝD Akçakalanyň Hammami atly türkmen obasyndaky 15-20 müň adamy obadan çykaryp, deregine kürtleri getirip ýerleşdirdi. Edil şuny Halap (Aleppo) sebitinde hem etmek isleýärler. Biz olara garşy hem söweşimizi dowam etdirýäris.
Beýleki tarapdan bolsa, käbir başga toparlar hem bar. Ýagny, “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçileri hem biziň obalarymyza hüjüm edýärler. Olara garşy hem söweşýän türkmen toparlarymyz bar.
Azatlyk Radiosy: Siriýanyň hökümet güýçleri bilen bir hatarda birnäçe topara garşy göreşýäňiz. Siriýa türkmenleriniň sany näçeräk?
Muhtar: Siriýada 3,5 million çemesi türkmen ýaşaýar. X-XI asyrlarda Oguz taýpalaryndan bolan türkmenler Siriýanyň territoriýasynda ýerleşipdirler. Ýöne, gynansak-da, Siriýadaky bu türkmenler türkmeçe geplemeýärler. Ol ýerde biziň türkmençe, türkçe geplemegimizi gadagan etdiler. Sebäbi Siriýanyň konstitusiýasynda raýatlaryň ählisi arap diýlip görkezilýär. Ýagny, Siriýanyň konstitusiýasyna görä, ýurtda etniki türkmen topary ýa-da türkmen milli azlygy, hamana, ýok hasabynda.
Azatlyk Radiosy: Siz türk tire-taýpalarynyň arasynda haýsysyna has ýakyn?
Muhtar: Siriýa türkmenleri ikä bölünýär. Olaryň biri Begdili, beýlekisi Ilbeli türkmenleridir. Begdili türkmenlerimiziň arasynda oýmak, awşar, baýat, begmüşli taýpalarymyz bar. Meselem, Halapdaky (Aleppodaky), Homsdaky awşar maşgalalary Begdili türkmenlerine degişli.
Azatlyk Radiosy: Siriýadaky söweşler türkmenlere nähili täsir ýetirdi?
Muhtar: Bu uruş diňe türkmenlere däl, eýse tutuş Siriýa öz agyr täsirini ýetirdi. Siriýanyň 23 million çemesi ilatynyň takmynan 10 milliony başga ýurtlarda bosgun bolup gitdi. Olaryň 2,5 million çemesi Türkiýede ýerleşýär. Käbirleri hem Ýewropa gitdi. Diňe meniň dogan-garyndaşlarymdan 50 çemesi adam Germaniýa göçüp gitdi. Siriýada 5 ýyldan bäri uruş dowam edýär. 5 ýyldan bäri hem biziň çagalarymyz mekdebe gitmeýärler.