Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen uçaryna näme boldy?


"Türkmenhowaýollarynyň" uçary
"Türkmenhowaýollarynyň" uçary

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni, 18-nji noýabrda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy Merdan Aýazowa, «işde goýberen kemçilikleri üçin» diýip, berk käýinç yglan etdi.

Şol bir wagtda, adatça bolşy ýaly, türkmen mediasy bu kemçilikleriň jikme-jikliklerini aýtmaýar.

Emma rus habar serişdelerinde çykan habarlardan çen tutulsa, bu käýinç Türkmenistanyň «Boeing - 737» uçarynyň 17-nji noýabrda, irden Moskwadan Aşgabada uçup barýan wagty Wolgogradda gyssagly gonmaga mejbur bolmagy bilen bagly bolup görünýär.

TASS habar agentliginiň Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugyndaky çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen uçary tehniki näsazlyk barada duýduryş berýän abzalyň işlemegi netijesinde, Wolgograd aýeroportunda gyssagly gonmaga rugsat soraýar.

Uçaryň bortunda 41 ýolagçy, 10 sany hem ekipaž agzasy bar eken.

«Pilotyň kabinasynda howa gämisiniň salonynda germetizasiýa sistemasynyň näsazlygyny görkezýän çyra ýanypdyr» diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgäri TASS habar agentligine aýdypdyr.

Şeýle-de TASS, uçar gyssagly aşaklap başlanda, bortdaky ýolagçylaryň dowla düşendigini we bir zenanyň huşundan gidendigini ýazýar. Aýdylmagyna görä, ol Wolgograd aeroportundan hassahana alnyp gidilýär.

Wolgogradyň kanun goraýjy organlaryndaky çeşmäniň aýtmagyna görä, ol aýal huşuna gelip, uçar birden aşaklap başlanynda tolgunandygyny aýdypdyr we keselhanada galmakdan boýun gaçyrypdyr.

Türkmen uçarynyň 17-nji noýabrda Wolgogradda gyssagly gonmaly bolmagynyň sebäpleri hatda bir habar gullugynyň, «Interfaksyň» maglumatlarynda hem iki hili görkezildi.

Ýagny, «Interfaks» başda, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugyndaky çeşmä salgylanyp, Moskwadan Aşgabada barýan uçaryň razgermetizasiýa meselesi sebäpli gonmaly bolandygyny ýazdy. Emma biraz soň «Interfaks» uçaryň bir ýolagçynyň saglyk ýagdaýy sebäpli gonmaly bolandygyny habar berdi.

«RIA Nowosti» habar gullugy bolsa, Wolgogradyň halkara aeroportunyň metbugat sekretary Tatýana Fomiçewa salgylanyp, türkmenistanly ýolagçylaryň hemmesiniň sag-gurgundygyny, bir ýolagça medisina hyzmatynyň edilendigini, olaryň hemmesiniň başga uçar bilen Aşgabada ugradyljakdygyny ýazdy.

Tatýana Fomiçewa türkmen uçarynyň gonmagyna sebäp bolan tehniki näsazlygyň detallaryny aýtmandyr we «Boeing - 737» uçarynyň gyssagly gonmagynyň sebäpleri baradaky maglumat «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň ygtyýarlygynda galýar diýipdir.

Fomiçewanyň aýtmagyna görä, türkmenistanly ýolagçylar sişenbe gün başga, ýörite iberilen uçar bilen Aşgabada uçup, 2.5 sagatdan soň sag-aman gonupdyr.

Şeýle-de ol gyssagly gonmaly bolan uçaryň, «Türkmenhowaýollarynyň» hünärmenleri bilen, sişenbe güni agşam Aşgabada uçandygyny we sag-aman barandygyny aýdypdyr.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde bu waka, Moskwadan Aşgabada barýarka Wolgogradda gyssagly gonmaly bolan uçar barada maglumat berilmedi.

Makala türkmen we rus habar serişdeleriniň, "Türkmenistanyň hronikasy" websaýtynyň maglumatlary esasynda ýazyldy.

XS
SM
MD
LG