Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident parahorlygyň 'öňüni alýar'


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde parahorlygyň, korrupsiýanyň, artdyryp ýazmalaryň ähli görnüşleriniň öňüni aljakdygyny duýdurdy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni, 6-njy noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Lebap welaýatynyň oba hojalyk pudagyndaky işlerde goýberilen kemçiliklere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Lebap welaýatynyň käbir etrap häkimleriniň işi boýunça geçiren derňewleriniň netijelerine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Saýat etrabynyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Artdyryp ýazmalar

Saýat etrabynyň hökimi, baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň hökümet maslahatynda beren hasabatyna görä, pagta ýygymy möwsüminde artdyryp ýazmalara we beýleki düzgün bozmalara ýol beripdir.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu iş boýunça kanun goraýjy guramalar derňew işlerini dowam etdirýärler. Şeýle-de, Saýat etrabynyň prokurory hem, işde goýberen kemçilikleri üçin diýlip, wezipesinden boşadyldy.

Prezident Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimi Muhammet Joraýewiň, Lebap welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer Batyr Ereşowyň, Türkmenistanyň oba-senagat toplumyna gözegçilik edýän Esenmyrat Orazgeldiýewiň adresine hem, welaýatda oba hojalyk pudagynyň ösüş görkezijilerinden nägilelik bildirip, berk tankydy bellikleri aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow degişli resmilere ýüzlenip: «Näme üçin bol suwuň ýakasynda ýerleşýän, tehnika, mineral dökünler, tohum bilen doly üpjün edilýän, zähmetsöýer we zehinli adamlary bolan Lebap welaýatynda oba hojalygy ýaramaz ösýär?» diýen soragy berdi.

Prezident bu welaýatda oba milli maksatnamasynyň hem, welaýaty ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň hem talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini aýtdy.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatynyň oba hojalyk pudagynda emele gelen ýagdaýyň sebäplerini berk seljermek, şeýle-de bu welaýatyň etrap häkimlikleriniň ählisiniň işiniň prokuratura işgärleri tarapyndan barlanmagy boýunça tabşyryk berildi.

Prezident Berdimuhamedow häzirlikçe Lebabyň häkimine çäre görüp durmajakdygyny aýtdy. Emma ol, prokuraturanyň geçiren barlaglaryndan soň, welaýatyň ýolbaşçysy hökmünde, onuň alyp barýan işine baha berjegini duýdurdy.

"Hiç kime geçirimlilik edilmez"

Hökümet maslahatynda ýurduň statistika boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Akmyrat Meredowa hem, "nädogry statistiki maglumatlary berendigi üçin» diýlip, birinji gezek käýinç yglan edildi.

«Parahorlygyň, korrupsiýanyň, artdyryp ýazmalaryň ähli görnüşleriniň, kanuna laýyklykda, berk öňüni aljakdygymy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek duýdurýaryn» diýip, prezident aýtdy.

«Şu meselede, elbetde, hiç kime geçirimlilik edilmez» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda döwlet tarapyndan berilýän pagta planlaryny diýilýän wagtynda «ýerine ýetirmek» üçin artdyryp ýazmalara ýüz urmak sowet ýyllaryndan başlanypdy.

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Baýmyrat Hojamuhamedowyň saglyk ýagdaýy boýunça işden çekilmek baradaky haýyşy kanagatlandyryldy.

XS
SM
MD
LG