Türkmenistanly abraýly atşynas Geldi Kärizowyň Türkmenistanyň daşyna çykmagyna bir ýarym aý çemesi wagt boldy.
“Türkmen atlary” döwlet bileleşiginiň öňki başlygy ahal-teke atlaryny gorap saklamak ugrunda uly işleri bitiren Kärizow Türkmenistanda türme tussaglygy başdan geçirdi, ondan soň ençeme ýyllap ýurduň daşyna goýberilmän şu ýylyň sentýabr aýyda Orsýete aşdy.
Şu gün Geldi Kärizow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, öz başdan geçirenleri barada gürrüň berdi.