Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler derňewden boýun gaçyrdy


Geldi Kärizow
Geldi Kärizow

Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň ýaýradan maglumatynda ”Türkmen häkimiýetleri 5-nji awgustda bolan hadysany, ýagny ýörite gulluklar tarapyndan yzarlanýan tanymal atşynas Geldi Kärizowyň maşgala agzalarynyň janyna kast etmäge synanyşykdyr öýdülip güman edilýän ýagdaýy derňemekden ýüz öwürýärler” diýlip habar berilýär.

5-nji awgustda Geldi Kärizow, onuň 14 ýaşly gyzy Sofiýa we aýalynyň dogany Ýelena Serebrýannik Moskwa uçmakçy bolanlarynda, Aşgabadyň aeroportunda serhet resmileri olaryň uçar biletlerine ret ediji möhür basyp, olary yzyna gaýtarypdyr.

Munuň öňüsyrasynda Geldi Kärizow, Sofiýa Kärizowa we Ýelena Serebrýannik ýola taýýarlanyp, golaýdaky dükandan zerur zatlary almak üçin öýden çykanlarynda uly awtoulagyň köçeden öwrülip, göni Sofiýa tarap sürendigi, emma onuň daýzasynyň Sofiýany gapdala iterip, zarbany öz üstüne alandygy habar berlipdi.

“Memorialyň” maglumatyna görä, 10-njy awgustda sud-medisina synagy geçirilip, Kärizowyň aýalynyň dogany, orsýet raýaty Ýelena Serebrýannigiň agyr şikes alandygy tassyklanansoň, kanun goraýjy organlaryň wekili polisiýanyň derňewleriniň bes edilýändigini aýdypdyr. Ondan iki gün öň bolsa şol bir ofiser hadysanyň günäkärlerini tapmagyň kyn däldigini, sebäbi golaýda wideokameralaryň goýlandygyny aýdypdyr.

Köpçülige mälim bolansoň...

Habar berlişine görä, 5-nji awgustda Geldi Kärizowyň maşgalasynyň başdan geçirenleri barada köpçülige habar berlensoň, olaryň öýüne polisiýanyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň bäş işgäri baryp, bolan waka barada sorag edipdirler we günäkäriň anyklanyp, çäre görüljekdigini söz beripdirler. Iki günläp olaryň ýaşaýan jaýynyň daşynda kanun goraýjy organlar tarapyndan gozegçilik geçirilip, 8-nji awgustda Ýelena Serebrýannik sud medisina ekspertizasyndan geçmäge çagyrylypdyr.

Munuň yz ýany häkimiýetleriň wakany derňemekden duýdansyz ýüz öwürmekleri we mundan ozalky haýbatlary 14 ýaşly Orsýet graždany üçin tas pajygaly tamamlanan ýagdaýyň tötänlik bolman, eýse ýörite gulluklaryň atşynasa edýän basyşlarynyň bir bölegidigini çak etmäge esas berýär” diýlip, “Memorialyň” maglumatynda aýdylýar.

Tussaglyk we “zamunlyk”

Ahal-teke atlarynyň tohumçylygy ugrunda uly işleri bitiren Geldi Kärizow öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe jenaýatçylykda aýyplanyp yzarlanypdy. Ol 2002-nji ýylda tussag edilip, 2007-nji ýylyň oktýabrynda günä geçişlikde boşadylan Kärizowyň öz tussaglyk möhletiniň bir bölegini Owadandepe türmesinde geçirip, daşky dünýäden üzňelikde saklanandygy aýdylýar.

Tussaglykdan boşadylansoň Kärizowyň emlägi elinden alyndy, jaýy ýumruldy.

“Memorial” gurmasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow Kärizowyň Orsýetiň raýatlary bolan aýalynyň, gyzynyň we garyndaşy Ýelena Serebrýannigiň 2014-nji ýylyň dekabrynda Moskwa uçýan uçara goýberilmändigini, soň maşgala agzalaryna gadagançylyk ýatyrylan hem bolsa, Geldi Kärizowyň özüniň ýurtdan çykmagyna gadagançylygyň saklanýandygyny belläp, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgerleriniň Kärizow babatynda “zamunlyk tejribesini” açyk ulanýandyklaryna ünsi çekýär.

Witaliý Ponomarýow: “Türkmen häkimiýetleriniň hereketleri Türkmenistanyň halkara borçlaryna hem Türkmenistanyň içerki kanunlaryna, şeýle-de Orsýet Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryna ters gelýär. Meselem, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Geldi Kärizowyň Orsýetiň raýatlary bolan maşgala agzalaryndan Orsýetiň territoriýasynda bir aýdan köp wagt bolmazlygy, şol wagtda-da başgalaryň Aşgabatda zamun görnüşde galmagyny talap etmegi hiç hili kanun normalaryna laýyk gelmeýär we dürli halkara dokumentlerde güwä geçilen hukuklary gödek depeleýär”.

Ponomarýow Geldi Kärizowyň maşgalasynyň bir böleginiň Türkmenistanyň daşynda ýaşaýandygyny belläp, onuň ýurtdan çykmagyna döredilýän päsgelçilikleriň maşgalanyň birleşmegine degişli hukuklary depeleýändigini belleýär.

'Sebäbini düşündiriň'

“Memorial” guramasynyň maglumatynda aýdylyşyna görä, Geldi Karizow 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we Migrasion gullugyna hat ýazyp, özüniň ýurtdan goýberilmezliginiň sebäpleri we möhleti barada düşündiriş berilmegini talap edipdir. Kärizow ýurduň daşyna çykmaga ýene bir synanyşyk edip, Orsýetiň wizasyny alypdyr. MHM-niň ministriniň orunbasarynyň adynda gepleşmäge ygtyýarlydygyny aýdan bir işgäri Kärizowyň öýüne baryp, onuň aýalynyň Moskwadan gyssagly Aşgabada dolanmagyny talap edipdir. Ol ”prezident ölse-de sen ýurtdan çykmarsyň” diýipdir. 2-nji awgustda sagat 14-de Kemine we Annadurdyýew köçeleriniň arasyndaky dükanyň golaýynda Kärizowy ýakalaşyga çekmäge synanyşyk edilipdir.

Ponomarýow Kärizowyň maşgalasynyň 5-nji awgustda ýurduň daşyna çykyp bilmezligi bilen bagly wakadan öňki we soňky ýagdaýlaryň Orsýet Federasiýasynyň Türkmenistanyň giňişliginde ýaşaýan raýatlarynyň hukuklarynyň kepiline ters gelýändigini belledi.

Witaliý Ponomarýow: “Maňa mälim bolşuna görä, maşgala 5-nji awgustda bolan waka barada Orsýetiň ilçihanasyny gysgaça habarly etdi. Olaryň arz-şikaýat bilen ilçihana ýüz tutmagyna indi garaşylýar, olaryň özleri muny etmeseler, biziň guramamyz ýüz tutmakçy. Sebäbi bu ýerde Orsýet Federasiýasynyň Türkmenistanyň giňişliginde ýaşaýan graždanlaryna garşy zorlukly hereketler barada gürrüň gidýär. Şeýle-de türkmen tarapynyň bikanun hereketleri barada gürrüň gidýär”.

Halkara guramalarynyň talaby

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Geldi Kärizowyň we onuň maşgalasynyň yzarlanmagynyň bes edilmegini, olaryň ýurtdan goýberilmegini we sezewar bolan hüjümleriniň derňelmegini talap edýärler.

HRW guramasy öz maglumatynda Kärizowyň türmeden boşadylanyndan soň berk gözegçilik astynda saklanýan maşgala agzalarynyň işe ýerleşmek mümkinçiliginden mahrum edilendigini belleýär.

HRW gurmasyndan Reýçel Denber “Türkmenistanyň hökümeti Kärizowyň saglygyna kast edýär. Kärizowa edilýän basyşlar adamlaryň daşary ýurtlara erkin çykmak hukugyna esassyz we bikanun gadagançylygyň saklanýandygyny görkezýär” diýýär.

Witaliý Ponomarýow: “Biz ýakyn wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutarys, indiki ädimlerimizi partnýor guramalarymyz bilen kesgitläris. Bu meselede Türkmenistandan diňe diplomatik we halkara kanallary arkaly jogap alyp bolýar. Sebäbi Türkmenistanyň häkimiýetleri ýollanan hatlaryň we ýurduň içinde edilen arz-şikaýatlaryň hiç birine asla jogap bermeýär, ýa-da siziň hatyňyz degişli edara iberildi diýen manysyz jogap berýär. Onuň haýsy edaradygy düşnüksiz bolup galýar we ondan jogap gelmeýär”.

Atşynas we seýis Kärizow 2015-nji ýylda Patşalyk Geografiýa Jemgyýetine we ”Long Riders’ Guild” atçylyk bileleşigine kabul edildi.

XS
SM
MD
LG