Türkmenistanyň resmileri sentýabryň aýagynda Warşawada geçirilen ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça maslahatynda Türkmenistanyň adyna aýdylan tankytlara resmi derejede nägilelik bildirdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň türkmen delegasiýasynyň Warşawa saparynyň jemleri barada 30-njy sentýabrda ýaýradan resmi beýannamasynda "käbir adamlar Türkmenistanyň adresine subýektiw, prowokasion we tendensioz kommentariýleri" aýtdy diýildi.
ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça maslahatynda tankydy çykyş edenleriň biri häzir Norwegiýada ýaşaýan professor, prezident G.Berdimuhamedowyň medisina ugrundan mugallymy Pirimguly Taňrygulyýew boldy.
Azatlyk Radiosy Pirimguly Taňrygulyýewiň tankydy çykyşynyň sebäpleri bilen gyzyklandy.