Demirgazyk Owganystanda general, wise-prezident Abdul Reşit Dostumyň ýolbaşçylygynda jeňçi güýçlere garşy aldym-berdimli söweş alnyp barylýar.
General Abdul Reşit Dostum Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy bilen söhbetdeşlikde bu sebitdäki jeňçi güýçleriň doly ýeňlip gutaryljakdygyny ýa-da olaryň ýaraglaryny taşlamaly boljakdygyny aýdýar.
Şeýle-de ol, owgan häkimiýetleri rugsat berse, özüniň Gunduza hem baryp, söweşleri dowam etdirjekdigini belleýär.
General Dostum bilen geçirilen bu söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.