Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň we Türkmenistanyň neşirleri


14-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň işinden düýpli närazylyk bildirip, degişli ýolbaşçylary tankyt etdi we olaryň käbirlerini wezipeden boşatdy. Ýurtda habar serişdeleriniň ählisi diýen ýaly döwlet eýeçiliginde. Eýse, Türkmenistanda we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda näçe sany neşir bar? Şeýle-de, olaryň näçesi döwlet we näçesi hususy eýeçilikde? Bu sanaw internet websaýtlaryny öz içine almaýar. Jikme-jik maglumat üçin suratlaryň we şekilleriň üstüne basyň.

“Türkmenistan” gazeti
Bu gazet 1920-nji ýylyň 29-njy iýulyndan bäri neşir edilýär. Bu gazet Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 48907 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Нейтральный Туркменистан” gazeti
Bu gazet 1924-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri neşir edilýär. Bu gazet Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 39789 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Nesil” gazeti
Bu gazet 1992-nji ýylda döredildi we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşidir. Tiražy 55513 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Aşgabat” gazeti
Bu gazet Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 33154 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Adalat” gazeti
Bu gazet 1997-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Adalat ministrligidir. Tiražy 99469 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Mugallymlar gazeti”
Bu gazet 1952-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň biim ministrligidir. Tiražy 102336 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Türkmen sporty” gazeti
Bu gazet Türkmenistanyň Sport baradaky komiteti tarapyndan esaslandyryldy. Bahasy 60 teňňe.
“Nebit-gaz” gazeti
Bu gazet Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 34944 sany. Bahasy 1 manat.
“Biznes reklama” gazeti
Bu gazet 1998-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligidir. Tiražy 6264 sany. Bahasy 1 manat.
“Habarlar” gazeti
Bu gazet 1975-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigidir. Tiražy 6405 sany. Bahasy 40 teňňe.
“Rysgal” gazeti
Bu gazet Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 11300 sany. Bahasy 1 manat.
“Türkmen dünýäsi” gazeti
Bu gazet 1991-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigidir. Tiražy 42742 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti
Bu gazet 1936-njy ýyldan bäri neşir edilýär. Esaslandyryjysy Türkmenistanyň Demir yol ulaglary ministrligidir. Tiražy 32830 sany. Bahasy 40 teňňe.
“Bereketli toprak” gazeti
Bu gazet 2008-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esasalandyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligidir. Tiražy 49113 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Esger” gazeti
Bu gazet 1993-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Goranmak ministrligidir. Tiražy 125468 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Edebiýat we sungat” gazeti
Bu gazet 1958-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligidir. Tiražy 60867 sany. Bahasy 20 teňňe.
“Galkynyş” gazeti
Bu gazet 1997-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Bu gazet Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 80022 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Türkmen gündogary” gazeti
Bu gazet 1931-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Lebap welaýatynyň häkimligidir. Tiražy 46155 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Ahal durmuşy” gazeti
Bu gazet Ahal welaýatynyň häkimligi tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 31344 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Daşoguz habarlary” gazeti
Bu gazet Daşoguz welaýatynyň häkimligi tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 39982 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Maru-şahu jahan” gazeti
Bu gazet 1931-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Mary welaýatynyň häkimligidir. Tiražy 39290 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Zaman” gazeti
“Dünýä edebiýaty” žurnaly
Bu žurnalyň esaslandyryjysy Türkmen Döwlet neşirýat gullugydyr. Tiražy 9635 sany. Bahasy 5 manat.
“Garagum” žurnaly
Bu žurnal Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan esaslandyryldy. Tiražy 8878 sany. Bahasy 5 manat.
“Zenan kalby” žurnaly
Bu žurnal 1931-nji ýylda neşir edilip başlanýar we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşidir. Tiražy 103428 sany. Bahasy 3 manat.
«Возрождение» žurnaly
Bu žurnal 1937-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistnyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşidir. Tiražy 7431 sany. Bahasy 2 manat.
“Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnaly
Bu žurnalyň tiražy 22845 sany. Bahasy 3 manat.
“Täze oba” žurnaly
Bu žurnal 1929-njy ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligidir. Tiražy 22580 sany.
“Altyn asyryň ykdysadyýeti” žurnaly
Bu žurnal 2000-nji ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esalandyryjysy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligidir. Tiražy 4505 sany.
“Güneş” žurnaly
Bu žurnalyň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Bilim ministrligidir. Tiražy 107808 sany. Bahasy 2 manat.
“Diýar” žurnaly
Bu žurnal 1992-njy ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Ministrler kabinetidir. Tiražy 7545 sany. Bahasy 3 manat.
“Türkmenistanyň prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy” žurnaly
“Türkmenistanyň mejlisiniň maglumatlary” žurnaly
Bu žurnalyň tiražy 1240 sany.
“Saglyk” žurnaly
Bu žurnal 1990-njy ýyldan bäri neşir edilýär we onuň esalandyryjysy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligidir. Tiražy 87063 sany. Bahasy 3 manat.
“Türkmenistanda ylym we tehnika” žurnaly
Bu žurnalyň tiražy 760 sany.
Türkmenistan
Gyrgyzystan
Täjigistan
Özbegistan
Gazagystan

Gazagystan

Gazagystanda 2695 çemesi habar serişdesi bar. Olaryň 90%-ni gazet (1619) we žurnallar (808) emele getirýär. Şeýle-de, olaryň 0,5%-ni informasion gulluklar, 9,5%-ni telekompaniýalar, radiokompaniýalar düzýär. Gazagystandaky 2695 çemesi habar serişdesiniň 436 (16%) sanysy döwlet eýeçiliginde bolup, 2259 (84%) sanysy hususy eýeçilikdedir. (Çeşme: Gazagystanyň Medeniýet we informasiýa ministrligi)

Türkmenistan

Türkmenistanda jemi 22 gazet we 13 žurnal neşir edilýär. Olardan diňe biri - “Rysgal” gazeti hususy eýeçilikde diýlip aýdylýar. Bu gazet Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan neşir edilýär. Şeýle-de, Türkmenistanda 4 sany radiostansiýa we 7 sany telekanal bar. Olaryň ählisi döwlet eýeçiliginde

Özbegistan

Özbegistanda 1100 çemesi habar serişdesi hereket edýär. Olaran 24 sany telakanal, 14 sany radiostansiýa hususy eýeçilikdedir. (Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy)

Täjigistan

Täjigistanda 450 çemesi gazet-žurnal neşir edilýär. Olaryň takmynan 270 sanysy hususy eýeçilikde, galanlary döwlet eýeçiliginde. Şeýle-de, Täjigistanda 44 çemesi radiostansiýa we telekanal bar. Olaryň 28 sanysy hususy eýeçilikde, galanlary döwlet eýeçiliginde hereket edýär. (Çeşme: Täjigistanyň Medeniýet we informasiýa ministrligi)

Gyrgyzystan

Gyrgyzystanda 159 sany gazet-žurnal neşir edilýär. Olardan diňe 3 sanysy - “Erkin too”, “Gyrgyz tuusu”, “Slowo Gyrgyzystana” gazetleri döwlet eýeçiligindedir, galanlary hususy eýeçilikdedir. Şeýle-de, Gyrgyzystanda 25 sany telekanal, 26 sany radiostansiýa bar. Telekanallaryň 10 sanysy döwlet eýeçiliginde, 15 sanysy hususy eýeçilikde hereket edýär. Radiostansiýalaryň 4 çemesi döwlet eýeçiliginde, galanlary hususy eýeçilikde hereket edýär. (Çeşme: Gazagystanyň Medeniýet we informasiýa ministrligi)

XS
SM
MD
LG