Özbek häkimiýetleri Gülnara Kerimowanyň ozalky ýa häzirki biznes şärikleriniň ýene dokuzysyny tussag etdi.
Bu tutulan adamlar özbek prezidenti Yslam Kerimowyň gözden düşen uly gyzynyň korrupsiýa derňewiniň gerimini has-da giňeldýär.
Paýtagt Daşkentdäki resmi çeşmeler Azatlyk radiosyna şu hepde tutulan 9 adamyň arasynda ýerli koka-kola gaplaýjy firmanyň ozalky uly menejerleriniň hem ikisiniň, şeýle-de Kerimowanyň ozalky maliýe geňeşçisi diýip bilinýän adamyň bardygyny aýtdylar.
Geçen ýylyň iýulynda bu iş bilen bagly 13 adam uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.